SPORTA SÖÝGI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasynyň bilelikde Guramagynda Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Sporta bolan söýgini artdyrmak» ady bilen sport çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça körpeleriň arasynda özara bäsleşik geçirildi. Çagalar öz deňduşlary bilen bäsleşip zehinlerini görkezip Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesiller üçin döredip berýän taýsyz mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýjahan MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Awgust 2025 | 33 okalan

DOSTLUK KÖPRÜLERI BERKIDILÝÄR

19 Awgust 2025 | 23 okalan

SPORTA SÖÝGI

18 Awgust 2025 | 34 okalan

«DOST-DOGANLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY»