TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň 2118 harby bölüminiň okuw merkezinde çagyryş boýunça harby gullukçylaryň gatnaşmagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen çözgütleri ýaşlara düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bu çäre ýokary guramaçylykda, baýramçylyk ruhunda geçirilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasyna öwrülendigini buýsanç bilen belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar üçin çäksiz aladalary edýän, okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 10 okalan

BUÝSANJYMYZA BUÝSANÇ GOŞÝAR

01 Sentýabr 2025 | 4 okalan

OŇYN ÖZGERTMELER ROWAÇLANÝAR

01 Sentýabr 2025 | 3 okalan

KALPLARDA WATAN MUKADDES