Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň 2118 harby bölüminiň ýygnaklar jaýynda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda ýaş nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamzadyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşligiň, arakhorlugyň adam saglygyna ýaramaz täsirlerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça ýaramaz endikleriň täsirleri barada ilat arasynda wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi döwletiň öz halkynyň saglygy baradaky aladalarynyň ýene-de bir subutnamasydygy, her bir adam öz maşgala agzalarynyň sagdyn bolmagyny islese, ol çagalaryny zyýanly endiklerden gorap saklamalydygy barada giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar üçin çäksiz aladalary edýän, okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.