Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanylmaga berilmegi taryhy wakalaryň birine öwrüldi.
Şu jähtden, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň wekilleri ýaşlar üçin döredilen mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen bu uniwersitetde boldular.
Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär.
Tanyşlygyň dowamynda bu ýerde geçirilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda şeýle döredilen giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, kämil bilim alyp, hünäre eýe bolup, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryny uly buýsanç bilen ynandyrdylar.
Soňra, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasyny döretmek we onuň başlygyny saýlamak maksady bilen, bu ýokary okuw mekdebiniň ýaş mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň biragyzdan ses berip gollamagynyň netijesinde uniwersitetiň mugallymy Jemal Saparlyýewa ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy wezipesine saýlanyldy, onuň agzalary kabul edildi, olara degişli agzalyk şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäniň röwşen geljegini gurmak işine, işjeň gatnaşýan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksadaokgunly, zähmetsöýer, hakyky Watançylar bolup ýetişmekleri babatynda ähli şertdir, mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merdan ORAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.