ÇAGALAR BAGY ULANYLMAGA BERILDI

Her ýyl paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat etrap merkezlerinde, birnäçe körpe nesiller üçin çagalar baglary, umumbilim berýän orta we orta hünär okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Mugallymlar, okuwçylar bilim ojaklaryň gapysyny kakan körpejeler, talyplar çünki ilkinji basgançaklardan başlap, soňsuzlyga uzap gidýän ylmyň başky ädimleri, elbetde durmuşymyzyň täze sahypasy bolan bilim ojaklaryndan başlanýar.

Ir säher bilen Aşgabat şäherinde giňden dabaraly, ruhubelentlik ýagdaýynda Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda 43-nji çagalar bakja-bagy dabaraly ýagdaýda açyldy. Täze binada çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi we oňaýly dynç almaklary üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. Amatly oýun we dynç alyş otaglary her topar üçin aýratynlykda owadan mebeller bilen üpjün edilipdir. Okuw, şol sanda lingafon we kompýuter otaglary, çagalary mekdebe taýýarlamagyň häzirki zaman ulgamy bilen enjamlaşdyrlypdyr. Çagalar bu ýerde, diňe bir öz ýaşlaryna görä niýetlenen ugurlar boýunça meşgullanmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmek, şeýle hem ýokary ylmy tehnologiýalar, informatika ýaly ugurlara aralaşmaklary boýunça başlangyç bilim almaklary üçin hem, amatly şertler döredilipdir.

Çagalar bagynyň çäklerinde bag nahallary oturdulypdyr, dynç almak hem-de dürli derejedäki çäreleri geçirmek üçin ýörite telärler gurlupdyr . Bagyň çäginde gurlan ýüzüş howzy, çagalaryň söýgüli ýerine öwrülip, ol ýerde beden taýdan taplanmaklary üçin birnäçe çäreleriň gurnalmagy göz öňünde tutulýar.

Merjen MUHAMMETGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk

etrap Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 10 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 8 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI