Ýakynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdebinde Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Köpetdag etrap polisiýa bölüminiň we sport mekdebiniň halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda, mekdep okuwçylaryň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda adam baradaky alada ilkinji nobatda durýar. Raýatlarymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamaklary, saýlap alan hünärleriniň eýesi bolup halal zähmet çekmekleri dogrusynda uly aladalar edilýär. Munuň aýdyň şaýady hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp üstünlikli dowam etdirmeginde her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän bu çäräniň, eýýam ençeme ýyllar bäri geçirilmesi däbe öwrüldi.
Bu bir aýlyk çäre esasan hem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar bagyndan başlap, edara kärhanalarda zähmet çekýän raýatlarymyzyň gündelik durmuşynda howpsuz hereket etmekleri, şeýle-de ýol ulag hadysalarynyň öňüni almaklygy, şonuň bilen bir hatarda herekete gatnaşýan raýatlarymyzyň, pyýadalaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen giňişleýin tanyş bolmaklary we şol düzgünleriň berk berjaý edilmeginiň biziň her birimiziň mynasyp borjumyzdygy dogrusynda belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny asuda, abadan, parahat we howpsuz durmuşda döwrebap okamaga, öwrenmäge, döretmäge, saýlap alan hünärlerimiziň eýesi bolmaga, halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.