Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň, Gyzylarbat etrap Polisiýa bölüminiň, bilim bölüminiň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabymyzyň 17-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň arasynda, ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmelidigini wagyz etmek maksady bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşykda, etrap Polisiýa bölüminiň işgäri ýollarda we ýodalarda berjaý edilmeli, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny doly we dogry düşündirip, bular barada okuwçylara peýdaly maslahatlary berdi. Bu çärä gatnaşanlar, ýol hereketiniň howpsuzlygy barada ýaş nesillerimize düşünje bermek biziň her birimiziň öňde goýan esasy maksatlarynyň biri bolmalydygy barada belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülruh NAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.