MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

Maşgala — jemgyýetiň möhüm bölegi. Adamyň ilkinji terbiýesini alan ýeri maşgalasy bolup durýar. Şonuň üçin hem maşgala gymmatlyklaryny goramak we olara sarpa goýmak halkymyzyň milli ýörelgesine, ruhy baýlygyna öwrülipdir. Türkmen halkynyň durmuşynda maşgala mukaddeslik hasaplanýar.

Her bir ojagyň berk saklanmagy jemgyýetiň agzybirligine, döwletiň berkararlygyna ýardam edýär. Maşgala gymmatlyklary diňe bir jemgyýetiň ýaşaýyş kadalaryny däl, eýsem ýaş nesliň terbiýesini hem kesgitleýär. Ýaşlaryň sagdyn, bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Olaryň dil bilimini kämilleşdirmek, döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin okuw merkezleriniň açylmagy uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda maşgalanyň berkligini üpjün etmäge, ilatyň saglygyny goramaga, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär.

Maşgala gymmatlyklaryna goýulýan sarpa — jemgyýetiň berk binýady, döwletimiziň rowaçlygydyr.

Ýolly ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 13 okalan

MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

12 Sentýabr 2025 | 10 okalan

MILLI SIRK SUNGATYMYZYŇ ÖSÜŞLERI