HAZAR YKDYSADY FORUMY: ULY ÝOLUŇ BAŞLANGYJY

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda üstünlikli geçen birinji Hazar ykdysady forumy Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň dünýä syýasatyna tä­sir edýän başlangyçlaryny äşgär eden ýene bir möhüm waka öwrülip, taryhyň altyn sahypasyndan öz mynasyp ornuny aldy. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçen bu forumy Gahryman Arkadagymyz «uly ýoluň başlangyjy» diýip häsiýetlendirdi.

Diňe Hazar sebitinden däl, eý­sem, dünýä ýurtlaryndan ýüzlerçe adamlaryň gatnaşan, çäginde ýokary guramaçylykly, köp sanly iri çäreleriň geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy hakynda myhmanlarda ýakymly täsirleriň galandygyny bellemek örän buýsançly. Şol ýerde biz öz Watanymyzyň at-abraýyna, ýeten belent derejelerine guwanmagyň tolgundyryjy duý­gularyny başdan geçirdik. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan, halkara guramalaryndan gelen ýüzlerçe myhmanlaryň ykdysady forumda hiç hili bökdençlige duşmazdan, kadaly iş alyp barmaklary, oňat dynç almaklary, özara pikir alşyp bilmekleri üçin döredilen ýokary derejeli şertler forumyň çäklerinde geçirilen ähli çäreleriň sazlaşykly guralmagyna uly täsirini ýetirdi.

Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitinde kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň iş ýüzünde anyk hereket edip başlamagyna itergi beren birinji Hazar ykdysady forumynda Hazarda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda degerli pikirler orta atyldy. Bar bolan şertler we mümkinçilikler hakda giňişleýin maglumatlar bilen çykyş edilmegi, sebitiň ählumumy ösüşde öňe çykmagyna anyk işler bilen badalga berilýändigini alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda: «Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň, ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris. Biz strategik geljegi hut şeýle kesgitläp, ony Hazar üçin «geljegiň nusgasy» diýip atlandyrýarys» diýip bellemegi hem geljekde bu sebitiň ähmiýetiniň barha artjakdygyny äşgär edýär.

Hazar sebitiniň mundan beýläkde gülläp ösmegi ugrunda ilkinji ädim ädildi. Birinji Hazar ykdysady forumy örän netijeli boldy. Hazarýaka döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň çykyşlarynda-da, bu döwletleriň ykdysadyýet, ulag ministrleriniň, işewür toparlarynyň duşuşyklarynda-da söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ylmy hyzmatdaşlyklar boýunça anyk teklipleriň aýdylandygy, başlangyçlaryň öňe sürlendigi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň çalt depginde, anyk işler arkaly ösdüriljekdigine güwä geçýär. Dünýä döwletlerinden gelen 300-e golaý işewürleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda türkmen telekeçileri-de öz mümkinçilikleriniň örän uludygyny görkezdiler. Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde döwlet dü­zümleriniň wekilleriniň, hususyýetçileriň arasynda geçirilen ýüzden gowrak duşuşyklarda 60-a golaý gol çekilen resminamalar bu ugurda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylyp, täze derejä çykjakdygyny görkezýär.

Eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ajaýyp geljegi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Enejan RAHYMOWA,

TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

20.08.2019ý.

Meňzeş habarlar