GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI — ÝAŞLARYŇ ÝOL-ÝÖRELGESI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda ýaşlary kitaphana çekmek maksady bilen «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri — ýaşlaryň ýol-ýörelgesi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Täsirli geçen duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda kitaba aýratyn sarpa goýulýandygy, bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň ýaşlara nusgalyk mekdep bolup durýandygy aýratyn nygtalyp, kitabyň paýhas gönezligidigi barada giňişleýin gürrüň edildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sülgün ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 81 okalan

ASUDALYK MEKANY — BAKY BAGTYŇ MUKAMY

09 Sentýabr 2025 | 88 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI