Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda etrabyň S.Rozmetow geňeşliginde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda pagta ýygymynyň möwsüminiň başlanmagy mynasybetli “Ýoluň ak bolsun, “ak altyn” kerweni” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Dabaranyň dowamynda etrabymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy, Şeýle hem bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary gurnaldy.
Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýer eýelerini ykdysady taýdan goldamak maksady bilen durmuşa geçirilýän özgertmeleriň kärendeçi daýhanlary has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny, pagtanyň halkyň milli baýlygydygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, ýerden bol hasyl almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şeker HAÝTANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.