TÜRKMEN MILLI ŞAÝ-SEPLERI

Türkmen halkynyň gadymy taryhy, baý medeniýeti we milli mirasy diňe bir halk döredijiliginde däl-de, eýsem gündelik durmuşda ulanylýan şaý-seplerde-de öz beýanyny tapýar. Milli şaý-sepler türkmen zenanlarynyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, olaryň mertebesini, ýaşyny hem-de durmuşdaky ornuny görkezýär.

Türkmen şaý-sepleriniň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýar. Arheologik gazuw-agtaryşlarda tapylan kümüş, altyn we nepis daşlar bilen bezelen şaýlar halkymyzyň irki döwürlerde hem, zergärçilik sungatynyň ýokary derejede bolandygyny subut edýär.

Her bir şaý-sepler diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem gorag, bagt getiriji, nesil dowamynyň berkararlygy ýaly manylary hem aňladýar.

Bu günki gün milli şaý-sepler halkymyzyň medeni mirasynyň möhüm bölegi bolup, toýlarda, baýramçylyklarda we milli däp-dessurlarda giňden ulanylýar. Şeýle hem, häzirki döwürde olaryň döwrebap görnüşleri döredilip, ýaşlaryň gündelik bezegleriniň bir bölegine öwrüldi.

Milli şaý-sepler türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, owadanlyga bolan garaýşynyň we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Olar diňe bir zenanlary bezänok, eýsem halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän däplerini, ynançlaryny we döredijiligini hem ýaşadýar.

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Sentýabr 2025 | 11 okalan

TÜRKMEN MILLI ŞAÝ-SEPLERI