Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap medeniýet öýüniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler, ilki bilen edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlary mähirli gutlap, asly halal, döwletli maşgala ojaklarynda agzybirligiň, asudalygyň bolmagyny arzuw etdiler. Soňra medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly buýsançly çykyşlaryna giň orun berildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ähli watandaşlarymyzy Garaşsyzlyk toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.