KÄMILLIK BILIMDEN BAŞLANÝAR

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň 23-nji aw­gus­tyn­da san­ly ara­gat­na­şyk ar­ka­ly ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çylyk da­ba­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­reje­si­ni üp­jün et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, degiş­li ýol­baş­çy­la­ra, bi­lim hem-de ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni mun­dan beýläk-de kä­mil­leş­dir­mek, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li­niň döw­re­bap bi­lim­le­ri üs­tün­lik­li öz­leş­di­rip, aň-düşünje müm­kin­çi­li­gi­ni art­dy­ryp bil­me­gi, öz ukypla­ry­ny we ze­hin­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­gy üçin hem­me şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň ösdü­ril­me­gi hem-de ýaş­la­ryň döw­re­bap bilim-terbiýe al­ma­gy döw­let we­zi­pe­le­riniň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ul­ga­my dün­ýä­niň ösen ta­lapla­ry­na la­ýyk ge­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len köp san­ly bi­lim mak­sat­ly bi­na­lar gur­lup we bar bo­lan­la­ry­nyň dur­ky tä­ze­le­nip, okat­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naşdy­ryl­ýar. Bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri­niň öz iş­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk gu­ra­mak­la­ry hem-de ne­ti­je­li iş­le­mek­le­ri üçin ze­rur bo­lan zäh­met we dur­muş şertle­ri dö­re­dil­ýär. Dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lan we dep­gin­li do­wam et­di­ril­ýän kö­pu­gurly bi­lim tas­la­ma­la­ry nur­ly gel­je­gi­mi­ziň berk bin­ýa­dy bol­jak akylly-başly, mak­sada ok­gun­ly, gur­ma­ga, dö­ret­mä­ge yh­lasly, Wa­ta­na we­pa­ly, zäh­met­sö­ýer nes­liň ke­ma­la gel­me­gi­ni ke­pil­len­dir­ýär. Ýo­ka­ry hil­li bi­lim ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi ýaş­laryň hü­nä­re we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na ug­ruk­ma­gy­ny, dur­nuk­ly ösü­şiň mak­satla­ry­na ýe­til­me­gi­ni şert­len­dir­ýär.

Oka­mak, bi­li­mi­ni art­dyr­mak, ylym öwren­mek, ar­zy­ly hü­nä­ri­niň eýe­si bol­mak her bir yn­sa­nyň il­kin­ji ar­zu­wy. Ada­myň şeý­le ýa­kym­ly ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bol­magy­na hem-de ru­hy taý­dan kä­mil­leş­me­gi­ne ýol aç­ýan il­kin­ji ädim bi­lim­den baş­lan­ýar. Ýag­ny bi­lim­de umu­ma­dam­zat geç­mi­şi­niň uzak ta­ry­hy­ny bil­mä­ge, şu gü­ni bag­ty­ýarly­ga bes­le­mä­ge hem-de röw­şen gel­je­gi ýola goý­ma­ga ug­ruk­dyr­ýan syr­ly sa­hy­pa­lar jem­len­ýär. Bi­lim te­bi­ga­tyň şah­sy­ýe­te eçilen aň-düşünjesiniň ös­me­gi­ne, jem­gy­ýe­tiň mad­dy we ru­hy taý­dan kuw­wat­lan­magy­na iter­gi ber­ýän deň­siz-taý­syz çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Her bir adam­da özü­ni gur­şap alan dün­ýä­si­ne dü­şün­me­gi hem-de onuň ösüş ga­dam­la­ry­na iş­jeň gatnaş­ma­gy üçin akyl-paý­ha­sy we asyl­ly häsi­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­ýär. Ada­myň na­za­ry dü­şün­je­si­ni, ama­ly en­dik­le­ri­ni we hü­när ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len, on­da kä­mil şah­sy­ýe­te mah­sus edep-ah­lak me­de­ni­ýe­ti­ni ter­bi­ýe­le­ýär. Şah­sy­ýetiň, jem­gy­ýe­tiň, döw­le­tiň is­leg­le­ri­ni ka­nagat­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýän bi­li­miň mil­li däp-dessur ýö­rel­ge­le­ri, edep-terbiýe ka­da­la­ry, döw­rüň ösen ta­lap­la­ry bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy­ryl­ma­gy bol­sa, jem­gyýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny yl­myň dür­li pudak­la­ry bi­len bag­la­nyş­dy­ryp, ösü­şiň tä­ze tap­gyr­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ýar.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň ösüş-öz­ge­riş­li gel­jegi­ni gu­ru­jy ýaş­la­ryň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny ke­pil­len­dir­mek­de, sag­dyn pi­kir­len­me­gi­ni ýo­la goý­mak­da, olar­da ýo­ka­ry adam­kär­çilik, edep­li­lik, wa­tan­çy­lyk we lebzi-halallyk sy­pat­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­mek­de umu­my or­ta bi­lim mek­dep­le­ri wa­jyp orun eýe­le­ýär. Bu bi­lim bas­gan­ça­gy­nyň mak­sat­na­ma­la­ry çaga­la­ryň öw­re­ni­ji­lik gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň we dö­re­di­ji­lik ukyp­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, ýaş­la­ryň dur­muş­da zäh­met ýo­lu­ny öz­başdak saý­lap bil­me­gi­ne taý­ýar­la­ma­ga, jemgy­ýe­tiň, döw­le­tiň adam ha­kyn­da­ky çäk­siz ala­da­la­ry­na my­na­syp jo­gap ber­ýän nesli ýe­tiş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­dan ugur al­nyp, ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­riniň okuw me­ýil­na­ma­la­ry dün­ýä yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­na we mil­li ýö­rel­ge­le­re la­ýyk döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Mu­gal­lym­la­ryň işiniň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we dür­li ugurlar bo­ýun­ça ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len hö­wes­len­di­riş usul­la­ry dö­re­dil­ýär. Paý­tag­ty­myz­da, wela­ýat mer­kez­le­rin­de we et­rap­lar­da okuwçy­la­ra goş­ma­ça bi­lim ber­ýän, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len mekdep­le­riň sa­ny art­dy­ryl­ýar.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li bi­lim ul­ga­my­ny düýp­li öz­gert­mek bo­ýun­ça döw­re­bap ka­nun­laryň we mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň ka­bul edilme­gi top­lum­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy hem-de do­wam­ly kä­mil­leş­di­ril­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk nama­lar ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň bi­lim al­ma­ga bo­lan kons­ti­tu­sion hu­kuk­la­ry­nyň üp­jün edil­me­gi­ni ke­pil­len­dir­mek bi­len, bi­lim ul­ga­my­nyň üz­nük­siz iş­le­me­gi­ni we işi­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Hu­su­san-da, Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da her bir ada­myň bi­lim al­ma­ga hu­ku­gy­nyň bar­dy­gy­ny, umu­my or­ta bi­li­miň hök­many­dy­gy­ny, her bir ada­myň ony döw­let bi­lim eda­ra­la­ryn­da tö­leg­siz al­ma­ga hakly­dy­gy­ny ke­pil­len­dir­ýän döw­re­bap kada­lar ber­ki­dil­ýär.

Umu­man, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çäk­siz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de mil­li bilim ul­ga­my­nyň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­riň de­re­je­si­ne çyk­ma­gy­na hem-de ýur­dumy­zyň tä­ze mag­lu­mat jem­gy­ýe­ti­ne goşul­ma­gy­na aý­dyň ýol­lar açyl­ýar. Bi­lim ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry Adam hu­kuk­la­ry­nyň äh­lu­mu­my Jar­na­ma­synda, «Bi­lim ada­myň şah­sy­ýe­ti­niň do­ly ös­me­gi­ne, hu­kuk­la­ry­na we esa­sy azatlyk­la­ry­na hor­ma­tyň art­ma­gy­na gö­nükdi­ri­len bol­ma­ly. Bi­lim äh­li halk­la­ryň, jyn­sy we di­ni to­par­la­ryň ara­syn­da özara dü­şü­niş­mä­ge, ge­çi­rim­li­li­ge we dostlu­ga ýar­dam et­me­li. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy gol­da­mak ba­ra­da­ky işi­ne ýar­dam ber­me­li» diý­lip ber­ki­di­l­me­gi hal­ka­ra ka­da­la­ry bi­len sazla­şyk­ly ut­gaş­ýar.

2019 — 2020-nji OKUW ÝYLY: SANLAR WE MAGLUMATLAR:

— Täze okuw ýylynda 12 müň 242 talyp ýokary okuw mekdepleriň birinji ýyl talyby bolar, munuň özi geçen ýyldakydan 3 müň 392 talyp köpdür. Şol sanda 8 müň 54 talyp tölegli esasda okar.

— Şu ýyl ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek 153 müň 885 çaga gadam basar.

— Şu okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde jemi 33 täze hünär ugry boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanylyp başlanylýar.

— Şu ýyl orta hünär mekdepleriniň 42-sine ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň buýurmalaryna laýyklykda, 9 müň okuwçy okuwa kabul ediler.

— Täze okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 115 görnüşi neşir edildi.

Meretguly TANGIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

31.08.2019ý.

 

Meňzeş habarlar