Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gurmagy, döretmegi sogap işleriň naýbaşysy hasaplaýan ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, şeýle hem dünýä tejribesine laýyklykda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmakda, ýurdumyzy gülletmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň çäklerinde täze etraplaryň döredilmegi, obadyr şäherleriň döwrebap keşbe girmegi, şäherara awtomobil ýollarynyň abatlanmagy, täze ýollaryň çekilmegi, bu ugurlarda täze awtobus gatnawlarynyň ýola goýulmagy hem-de ýolagçylara ýokary hilli hyzmat edilmegi netijesinde güneşli Diýarymyzyň dünýä bilen deň aýak basyp, ösüşleriň ýolundan ynamly öňe barýandygyna ýene bir gezek anyk göz ýetirýärsiň.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýyl ýurdumyzda yglan edilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi ýol-ulag hadysalarynyň, şikes almalaryň öňüniň alynmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ähli babatda il-halkynyň rahatlygyny, saglygyny, bähbidini ileri tutýan Gahryman Arkadagymyz her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän, öz netijeliligini tassyklan biraýlygyň hem hut şoňa gönükdirilendigini buýsanç bilen belläp geçýär.
Biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän her bir çagalar baglarynda, orta mekdeplerde düşündiriş işlerini geçirmeklik meýilleşdirilýär. Düzülen ýörite meýilnamalar boýunça geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary körpeleriň, ýetginjekleriň, olaryň ata-eneleriniň, sürüjileriň her biriniň saglygynyň, ömrüniň rahatlygynyň goragynda hyzmat eder.
Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, olaryň berk bedenli, ösen aň-düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky talaplaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «ýaşaýyş durmuş esaslary» dersiniň okuw maksatnamasyna laýyklykda, okuw sapaklarynda, şeýle hem synp sagatlarynda okuwçylaryň şahsy howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol hereketiniň kadalaryny we olary dogry berjaý etmek boýunça alan bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalary baradaky bilimlerini tejribäniň üsti bilen ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde sentýabr aýynda Gökderedäki «Nebitçi» çagalar dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçiriler. Bu bäsleşige Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň, şäherdir etraplarynyň ýaş gözegçiler toparlarynyň arasyndan deslapky welaýat derejesinde geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji bolan toparlar gatnaşarlar. Ýaş gözegçiler ýol hereketiniň kadalary barada degişli öwrenen bilimleri, tejribeleri boýunça öz aralarynda güýç synanyşyp, «Nyzamly hatar», «Ýolyşygyň wagyz topary», «Geljekki sürüji», «Ýaş tigirçi», «Ýaş sanitar» atly tapgyrlar boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezerler.
Şeýle çäräniň geçirilmeginiň baş maksady ýurdumyzda çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakdan, olara ýol hereketiniň kadalaryny öwretmekden we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Gurbanmyrat KAKAJIKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň başlygy, polisiýanyň maýory.
“Nesil” gazeti,
05.09.2019ý.