SAGDYN ÝAŞLAR – BAGTYÝARLYK DÖWRÜMIZIŇ AÝNASYDYR

Ahal welaýatynyň Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen Dikeldiş merkeziniň mejlisler jaýynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, arassa ahlaklylygy, ynsanperwerligi, ruhy tämizligi, milli watansöýüjiligi, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan agraslygy, asyllylygy, şeýle-de ýaşlaryň ýaramaz endiklerden, ýüz çykýan nogsanlyklardan, jemgyýetçilik ýerlerinde bidüzgünçiligi ýüze çykarýan hereketlerden daşda durmaklaryny düşündirmek we wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Sagdyn ýaşlar – bagtyýarlyk döwrümiziň aýnasydyr» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary, Ahal welaýatynyň Tejen etrap häkimliginiň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler we saglyk ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asuda, abadan durmuşy ündeýän, adyllyga ýugrulan ynsanperwer syýasatynyň, ýaşlar barada edýän ýadawsyz aladalarynyň netijesinde ähli mümkinçilikleri bolan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrlan sport desgalarynyň, bilim ojaklarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ýaşlaryň ylymly, bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, ýaş nesilleriň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaga, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklige çagyrdylar.

 Şeýle-de çykyşlarda ýaramaz endikleriň adam saglygyna, nesil terbiýesine ýetirýän zyýanlary barada birin-birin durlup geçildi we ýaşlara edep-terbiýelilik, arassa ahlaklylyk häsiýetleri ündeldi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn ýaşaýyşy berkarar etmek, adam mertebesini belende galdyrmak, halkymyzyň asuda bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.