TÜRKMEN TÜRGENLER AZERBAÝJANDA GEÇIRILÝÄN GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGY (GDA) ÝURTLARYNYŇ III OÝUNLARYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDYLAR

Türkmen türgenler 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Genje şäherindäki stadionynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) ýurtlarynyň III oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu toplumlaýyn ýaryşlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň – Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan arasyndaky sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. GDA ýurtlarynyň I oýunlary 2021-nji ýylda Russiýa Federasiýanyň Kazan şäherinde, II oýunlary bolsa 2023-nji ýylda Belarus Respublikasynyň 11 şäherlerinde geçirilipdi.

Şu ýyl GDA ýurtlarynyň oýunlary gatnaşyjylaryň geografiýasyny ep-esli giňeltdi: ýaryşlara Kuba, Kuweýt, Pakistan, Oman we Türkiýe ýaly döwletlerden hem türgenler goşuldylar. Jemi 13 ýurtdan 23 ýaşa çenli 1624 türgen oýunlara bellige alnyp, olar 8-nji oktýabra çenli sportuň 23 ugry boýunça 246 baýrakly ýerleri alarlar.

Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň düzümine 56 adam, şol sanda 36 türgen girdi. Olar 3x3 basketbol, boks, sport göreşi (erkin we grek-rim), karate, suwda ýüzmek, ok atyş we taekwondo görnüşleri boýunça çykyş ederler.

GDA ýurtlarynyň III oýunlaryň ýaryşlary Azerbaýjanyň Genje, Ýewlah, Mingäçewir, Gabala, Şeki, Göýgöl we Hankendi ýaly ýedi sany şäherlerindäki 12 sany sport toplumlarynda geçiriler. Ýaryşlaryň iň köp sanyny – sekizini 2025-nji ýyl üçin «GDA-nyň sport paýtagty» derejesini alan Genje şäheri kabul edýär.

GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň resmi nyşany kawkaz alajagaplaňlary Bebir we Leýla boldy.

Oýunlaryň dabaraly açylyşyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşyp, oýunlara badalga berdi. Guraýjylar ýaryşy kabul edýän ýurduň taryhyny we medeniýetini şöhratlandyrýan aýdym-saz we tans çykyşlary, şeýle hem köpçülikleýin sahnalaşdyrmalary taýýarladylar.

Mundan başga-da, stadionyň meýdançasyndan gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň wekiliýetleri geçdi. Türkmenistanyň baýdagyny tribunalaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda taekwondoçy Azim Maksadow alyp geçdi.

Oýunlaryň açylyş dabarasy Genje şäheriniň asmanyny ýagtyldan reňkli feýerwerk bilen tamamlandy.

GDA ýurtlarynyň oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagy türkmen sportunyň ösüşinde möhüm ädim bolup, ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklaýar. Şeýle hem, bu türkmen türgenleri üçin ýokary derejeli taýýarlygy görkezmek, halkara sport gatnaşyklaryny berkitmek we täze üstünlikleri gazanmak üçin mümkinçilikdir.

Ondan öňki Belarusda geçirilen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda maksatnamasynyň 13 görnüş boýunça 79 türgen bilen çykyş eden Türkmenistanyň topary 3 kümüş we 15 bürünç medal gazanypdy.

turkmenistan.gov.tm