AFK-NYŇ 2-NJI ÇEMPIONLAR LIGASY: «AHAL» WE «AL-HUSSEÝN» TOPARLARY ÝEŇŞE GÖNÜKDIRILEN

30-njy sentýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda türkmen «Ahal» toparynyň futbolçylary AFK-nyň 2-nji Çempionlar Ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň çäklerinde lordaniýanyň çempiony «Al-Husseýn» topary bilen duşuşyk geçirer.

Duşuşygyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda toparlaryň tälimçileri boljak duşuşyk baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler.

Metbugat maslahatyny açyp, «Al-Husseýn» futbol toparynyň baș tälimçisi Huakim Maşadu Aşgabat we Arkadag säherleriniň gözelligine ýokary baha berdi we türkmen tarapyna mähirli garşylandygy, ýokary derejeli myhmansöýerlik we türkmenlere mahsus açyk ýürekden kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Boljak duşuşyk barada gürrüň açyp, ol öz toparynyň ýeňșe ynamlydygyny aýtdy.

«Biziň toparymyz netijeli oýnap we utuk gazanmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Biz «Ahal» toparyna uly hormat goýýarys – bu örän gowy topar. Men «Ahal» toparynyň oýunlaryna syn etdim, onuň futbolçylary meýdanda örän utgaşykly hereket edýärler. Toparda ýokary hilli oýunçylar saýlanyp alnan. Ýöne biz hem bu ýere ýeňmek üçin geldik» diýip, Maşadu žurnalistlere aýtdy.

AFK-nyň 2-nji Çempionlar Ligasynyň toparçalaýyn ýaryşynda «Ahal» toparynyň baş tälimçisi wezipesini ýaşlar toparynyň tälimçisi Eziz Annamuhammedow ýerine ýetirýär. Onda bu wezipe üçin zerur bolan PRO tälimçilik derejesi bar.

«Ahal» toparynyň tälimçisi lordaniýadan gelen güýçli garşydaşa garşy duşuşykda öz futbolçylarynyň berk taýýardygyny aýdyp, türkmen janköýerlerini topary goldamaga çagyrdy.

«Bu jogapkärli halkara duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde biz garşydaşyň güýçli we gowşak taraplaryny öwrendik. Şoňa laýyklykda oýun meýilnamasyny taýýarladyk. Biziň 12-nji oýunçymyz boljak diýip tama edýän janköýerleriň goldawyna örän bil baglaýarys. Öz tarapymyzdan bolsa biz ýokary tizlikli futboly görkezmäge we ýeňiş gazanmaga çalșarys» – diýip, E.Annamuhammedow aýtdy.

AFK-nyň 2-nji Çempionlar Ligasynyň «C» toparçasynda «Ahal» topary bilen «Al-Husseýn» toparynyň arasyndaky ikinji tapgyryň duşuşygy Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar.

turkmenistan.gov.tm