ÝAŞ­LAR AR­KA­DAG­LY WA­TAN BI­LEN­DIR!

Asuda, erkana, parahat ýurdumyz röwşen geljegi nazarlaýar. Biz muny ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işlerde görýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy şertleri ýokarlandyrylýar, ösüp gelýän ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly ýurdumyzyň ýaşlary döwletimiziň daýanjy hem buýsanjydyr.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň kuwwatyny, abraý-mertebesini artdyrmakda ýaşlara bil baglaýar. Taryha ser salsak, 2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde geçen ýurdumyzyň Ýaşlar maslahatynda hem ata Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinde, hususan-da, ýaşlarymyzyň tutýan ornunyň biçak uludygyny hormatly Prezidentimiz öwran-öwran nygtapdy. Çünki ýurdumyzyň ösüşi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem ýaşlar guwandyryjy wakanyň şaýady boldular. 11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy ýokary derejede geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bolsa bizi has-da buýsandyrdy. Milli Liderimiz: «Bu gün hem men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýip, Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işine hem mynasyp baha berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bagtdan paýly ýaşlarymyz asudalygyň we parahatçylygyň höküm sürýän ata Watanymyzda döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, hususan-da, döwrüň talap edýän iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarynda tutanýerlilik görkezýärler. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» bökdençsiz amala aşyrylmagyna ýardam edýärler.

Ynam ähli zatdan güýçlüdir. Çünki ynam ýaşaýşa we zähmete bolan söýgini artdyrýar. Ynam bar ýerinde ýokary ösüş bar. Ynamyň aňyrsynda agzybirlik, hoşniýetlilik, birek-birege sarpa goýmaklyk bar. Ýaşlar yhlasly zähmeti, watansöýüjiligi bilen ynam gazanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda: «Men ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesillerimiziň mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny mähriban Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etjekdigine berk ynanýaryn!» diýip aýdýan ganatly jümleleri her birimizde ýakymly duýgulary oýardy. Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň biz — ýaşlara bildirýän beýik ynamynyň aňyrsynda uly jogapkärçilik bar. Bu jogapkärçiligi her ädimde duýýan ýaşlarymyzyň ynamy ödejekdiklerine pugta ynanýarys.

Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň wajyp şertleriniň biri hökmünde merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri ýaş nesilleriň aňynda terbiýelemegi, ilkinji nobatda, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň gaýragoýulmasyz wajyp şertleriniň biridigini milli Liderimiz belleýär. Hakykatdan hem, adamzadyň ajaýyp häsiýetleri döwletiň ösüşine oňaýly täsirini ýetirýär. Nesil terbiýesi ähli döwürlerde-de gyzylyň gyryndysyna deňelýär, çünki ol tapylgysyz baýlykdyr. Ata-babalarymyz nesil terbiýesini hemişe üns merkezinde saklapdyr. Bu nusgalyk ýörelge Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baş taglymaty, ozaly bilen, ýaşlary ahlak taýdan arassalyga, ruhubelentlige, ylym-bilime, şunuň bilen baglylykda, bilesigeliji bolmaklyga çagyrýar. Sebäbi ylym-bilim ähli ösüşleriň we özgertmeleriň özenini düzýär. Hut şonuň üçinem, milli Liderimiz beýik geljegimiziň hatyrasyna ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, bagtyýar ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek, olaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen Diýarymyzda okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, dynç-alyş merkezlerini we dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalary gurduryp, ulanmaga berýär.

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli durmuş ugurly syýasaty netijesinde çagalar we ýaşlar köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ruhubelentligiň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Ýakynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara milli Liderimiziň adyndan welosipedleriň sowgat berilmegem, ýurdumyzda bagtyýar ýaş nesillerimiziň sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ajaýyp nusgasydyr.

Ata Watanymyzda sporty ösdürmekde baý tejribe toplandy. Sporta uly üns berýän ýurdumyzyň geljegi şuglaly. Görüň, ýaşlarymyzyň sagdyn bedenli bolmaklary we sportuň dürli görnüşleri boýunça uly üstünlikleri gazanmaklary üçin sport toplumlary, Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan ak mermerli Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy guruldy. Döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýaşlarymyz dünýä ýaryşlarynda çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyň hötdesinden gelýärler. Nesip bolsa, geljek ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparlary üstünlikli çykyş edip, hormatly Prezidentimizi uly üstünlikler bilen begendirerler diýip aýtsak, hakykatdan daşlaşdygymyz bolmaz.

Döwletimizde ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakda Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri uly ähmiýete eýe bolup durýar. VI gurultaýda ýurt Baştutanymyz ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini artdyrmak, zähmete söýgi döretmek, ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek we olary kanagatlandyrmak ýaly wezipeleri goýdy. Hormatly Prezidentimiz ýaşlary terbiýelemekde on dört sany wezipäni amala aşyrmaklygy Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň we agzalarynyň öňünde wezipe we borç edip goýdy. Nesip bolsa, ynanylan borçlary we wezipeleri amal etjekdigimize ynandyrýarys. Çünki ýaşlarymyzyň buýsançly kalby Watan, Arkadag diýip urýandyr. Ýaşlar Arkadagly Watan bilendir!

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

16.11.2019ý.

 

 

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 181 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 52 okalan

NOU – HAU