ÝAŞ­LAR GU­RA­MA­SY: HAL­KA­RA ÝAŞ­LAR HYZ­MAT­DAŞ­LY­GYN­DA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Watansöýüji, giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek biziň Ýaşlar guramamyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr.

Diňe aňyňa däl, bütin kalbyňa ýazylan, her gezegem seni müň şükürlere, buýsanja besleýän bir pursada hemmämiz şaýatdyrys. Asmanda erkana gaýyp ýören ak kepderileri görenimizde, göwün atly guşumyz asmana galkyp, ýüregimiz bilen ýurduň erkinliginiň, hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini ýene bir öwra ýatlaýarys, gaýtalaýarys. Hawa, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri hut iki müçe geçipdir. Bu sene türkmen taryhynyň dowamlylygy üçin sähelçe salym bolsa-da, mazmuny boýunça asyrlara barabardyr.

Hemişelik Bitaraplygymyzy gazanmagymyz dünýä ýurtlary bilen ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetli dostluk gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu gatnaşyklar bagtyýarlyk döwrümizde hasda giň gerime eýe boldy, parahatsöýüjiligi hemra edinen oňyn Bitaraplyk syýasatymyz bütin dünýäde ykrar edildi. Bu ugurda 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy» hakyndaky Rezolýusiýanyň täzeden makullanmagyny, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegini aýratyn bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda hem: «Häzirki günde biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi sebit we dünýä möçberinde ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga, syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa taýdan wajyp meseleler çözülen halatynda döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirmegiň faktory hökmünde özüni has hem aýdyň ýüze çykarýar» diýlip, örän jaýdar bellenilýär.

Häzirki wagtda bütin dünýäde bu wajyp meseleleriň çözülmeginde, halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynda ata ýurdumyzyň daşary syýasaty taraplaryň özara bähbitlerine hormat goýýan, goldaýan, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk ýörelgelerinden ugur alýar. Bu ýörelge ähli pudaklarda, ulgamlarda mynasyp dowam etdirilýär. Şol sanda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekdir. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda, olary durmuş-sosial taýdan goldamakda we beýleki möhüm wezipeleri guramakda, işleri alyp barmakda özara tejribe alyşmak üçin, dünýäniň ençeme döwletleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

Hut ýakyn günlerde halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Ýaşlar guramasynyň birnäçe agzalary döredijilik, tejribe alyşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda, Özbegistan Respublikasynda boldular. Biz hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şol saparlaryň düzüminde bolan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat Keriýew, halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni Merjen Muhammedowa, şol bölümiň baş hünärmeni Begmuhammet Meredow bilen söhbetdeş bolduk.

Eziz okyjylar! «Tegelek stoluň» başyndaky şol söhbetdeşligiň mazmunyny size ýetirmegi makul bildik.

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

― Gadymy Gündogarda uly-uly meseleleriň hoşniýetli sözler arkaly parahatçylyk ýoly bilen çözülmegine aýratyn üns berlipdir. Danalaryň biriniň aýdan parasatly jümlesi bar: «Iki döwletiň arasynda ylalaşyk gazanan ýekeje söz müňläp söze, jümlä deňdir». Şu ýerden hem görnüşi ýaly, adamçylyk gatnaşyklarynda-da ýürek awlap bilýän ýekeje söz, iki döwletiň ylalaşygyny gazanyp bilýänem ýekeje söz. Ol söz parahatçylyga, ylalaşyga, hoşniýetlilige ýugrulanda öz maksadyna ýetýär. Milli Liderimiziň parahatsöýüjilikli içeri hem daşary syýasaty hut şundan ugur alýar. Adamzadyň ählumumy bähbitlerine, hormatyna gönükdirilen bu syýasat bütin dünýäde ykrar edildi.

Biz muňa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Ýaşlar guramamyz tarapyndan alnyp barylýan halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Ynha, ýaňy-ýakynda, has takygy, 20 ― 26-njy noýabrda Ýaşlar guramamyzyň wekillerinden ybarat wekiliýetiň Türkmenistanyň we Hytaýyň ýaşlarynyň arasynda dostlugy, hyzmat

daşlygy berkitmek maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasyna bolan sapary muňa mysal bolup biler. Maňa hem on adamdan ybarat bolan bu wekiliýetiň düzüminde saparda bolmak miýesser etdi.

Ilki bilen, Türkmenistan döwletimiziň Hytaý Halk Respublikasy bilen diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýan köpugurly strategik hyzmatdaşlygyny bellemelidiris. Şeýle-de ösen tehnologiýalary, häzirki zaman tilsimatlary bilen dünýäde öňdäki orunlarda durýan bu ýurtda jemgyýetimiz üçin zerur bolan birnäçe ugurlar boýunça türkmen ýaşlarymyz bilim alýarlar. Ata ýurdumyzda bu gün ýaşlarymyz jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu hakda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji sentýabrynda geçen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda sözlän sözünde: «Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler» diýip belledi.

Erkin söhbetdeşligiň, pikir alyşmagyň akyl üçin uly mekdepdigi aýdylýar. Diýmek, özara pikir alyşmak, tejribeleri paýlaşmak birek-birek üçin örän ähmiýetli. Saparyň dowamynda ýurduň iri milli muzeýleriniň käbirine gezelenç etdik. Täze tehnologiýalar, ekologiýa sergilerine, ylmy lukmançylyk merkezleriniň birine, işgärler düzüminiň aglabasy ýaşlar bolan önümçilik kompaniýalarynyň käbirine baryp gördük. Bulara ýaşlaryň gatnaşygy, orny, işjeňligi, Ählihytaý ýaşlar federasiýasynyň bu ugurda alyp barýan işleri bilen tanyşdyk. Bu federasiýanyň wekilleri bilen ýörite duşuşyk geçirdik.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde şol ýerde okaýan türkmen ýaşlarymyz bilen hem duşuşdyk. Olar öz hünärleri boýunça bilimleri alyp, ata ýurdumyza dolanyp, hormatly Prezidentimiziň ýaşlara ynamyna jogap hökmünde ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine buýsanýarlar. Nesip bolsa, okuwlaryny tamamlap, dürli pudaklarda dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryna, tilsimatlaryna erk etmegi başarýan türkmen ýaşlarymyz jemgyýetimiziň ilerlemegine öz goşantlaryny goşarlar.

«Myhman az oturar, köp synlar» diýleni. Milli muzeýleriň birinde bolup, ýurduň taryhy, medeniýeti bilen tanşyp ýörkäk, Beýik Ýüpek ýolunyň kartasynda nazarym eglendi. Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýoluny yzarlap, bu beýik ýoluň ýüregini ― gadymy türkmen topragyny tapdym. Alys bir ýurtda öz halkyňa, milletiňe degişli bir alamata gözüň düşeninde, kalbyň ýylaýar, aram tapýar. Bu buýsançly pursatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan ― Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyndaky: «Belli bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde we orta asyrlarda Hytaý bilen Alynky Aziýany, Ortaýer deňzini birleşdiren halkara ýolunyň hem-de içki kerwen ýollarynyň rowaýata öwrülen şertli adydyr» diýen sözler hakydaňa gelýär. Şol gatnaşyklar hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz esasynda milli Liderimiziň baştutanlygynda dostlukly dowam etdirilýär.

Men hem pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, türkmen halkymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýaryn!

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary, hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýlägem bütin dünýäde dabaralansyn!

Merjen MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni:

― Sazanda perde tutuşyndan tanalýar. Geljek ýaşlykda maksat goýşuňdan görünýär. Eýýäm ýaşlykdan bütin geljegiňe nur saçjak, many çaýjak aýdyň maksady goýmak zerur. Ynha, bu ugurda hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirýär. Bulary hil taýdan kämilleşdirip, ähmiýetini, netijeliligini artdyrmak üçin hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Şonuň çäklerinde maňa hem şu ýylyň 18 ― 22-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssykköl sebitinde bolmak miýesser etdi.

Türkmenistan döwletimiz häzirki dünýäniň ençeme halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şolaryň biri hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Ýurdumyz ÝHHG-ä gatnaşyjy döwlet bolmak bilen, onuň giňişliginde dünýä derejesinde ösüşe düýpli täsir etjek köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär.

Yssykköl sebitinde geçirilen «Strategiki meýilleşdirmek boýunça geňeşçilik üçin sebitleýin okuw maslahaty» diýlip atlandyrylan bu okuwy hem ÝHHG gurapdyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaşlar guramalaryndan gelen wekiller bilen bu ugurda pikir alyşdyk. Şeýle hem okuw maslahatynda ýaňy durmuş ýoluna gadam basan ýa-da işe duran ýaşlary strategik meýilleşdirmek boýunça birnäçe täze usullary öwrendik. Sebäbi täze bir dünýäniň gapysynda duran ýaşlary dogry ugra gönükdirmek, olary aýdyň maksatlaryna bir ädim ýakynlaşdyrmak biziň guramamyzyň esasy wezipeleriniň biridir.

Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, ýaşlarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi kemala getirmeli, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyza, adatlarymyza hormat goýmak endiklerini ösdürmeli. Çünki hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Milli däpler nesilleriň hem-de döwürleriň üznüksiz baglanyşygyny üpjün edýär».

Hawa, islendik beýik maksada hem kalbynda milli duýgusy, düşünjesi bolanlar ýetýändir. Şonuň üçin guramamyz tarapyndan geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň ählisi milli aýratynlyklarymyza laýyklykda alnyp barylýar. Bu halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy babatda hem şeýledir.

Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegiň ýene-de bir ähmiýetli tarapy türkmen ýaşlarynyň dünýä ýaşlary bilen ylymda, bilimde, sportda, tehnologiýada we beýleki ugurlarda aýakdaş gitmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu babatda halkara derejesindäki olimpiadalara, sport ýaryşlaryna ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemeklerini mysal getirip bileris. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň bilim almagy hem munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli, parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Aýratyn buýsandyryjy ýagdaý bolsa, daşary syýasatymyzda ýaşlar meselesine hemişe uly ornuň degişlidigidir.

Men hem milli Liderimizi, mähriban halkymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Begmuhammet MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni:

— Maňa hem şu ýylyň 28 — 29-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «XXI asyrda gender we ýaşlar meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara foruma gatnaşmak miýesser etdi. Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda geçirilen bu forumda döwletimiziň ýaşlar syýasaty, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda ýaşlaryň orny, ýaşlarymyzyň ylmy, döredijilik gözlegleri, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri dogrusynda çykyş etdim.

Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Sloweniýadan, Täjigistandan we beýleki birnäçe döwletlerden gelen wekiller hem öz ýurtlarynda ýaşlaryň orny, olary durmuşa ugrukdyrmakda alnyp barylýan işler hakynda gürrüň etdiler. Bu hem birek-biregiň iş ýüzünde gazanan tejribesini paýlaşmaga, ýaşlar bilen işleşmekde has ähmiýetli boljak täzeçe çemeleşmeleri ýüze çykarmaga ýardam berýär.

Ýene-de bir bellemeli zat, häzirki wagtda Ýaşlar guramamyzyň düzüminde 5000-den gowrak ilkinji guramalar hereket edýär. Şeýle-de guramamyzyň 1 milliona golaý agzalary bar. Ýaşlar häzirki zaman ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolmalydyr. Çünki geljek ýaşlarda. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň uly jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar» diýip belleýär. Dogrudanam, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasynda» görkezilişi ýaly, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, zähmete söýgini terbiýelemek, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, zehinli ýaşlary goldamak boýunça işler alnyp barylýar. Şol işleri halkara tejribesi esasynda has-da kämilleşdirmegiň näderejede ähmiýetlidigi öz-özünden düşnüklidir.

Hormatly Prezidentimiz ýakynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Biziň saparymyzyň hem milli Liderimiziň iş saparyna gabat gelmegi örän buýsandyryjydyr. Sebäbi bu duşuşygyň 29-njy noýabrda kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasynda: «Taraplar ýaşlaryň meselelerine hemişe aýratyn üns bermegiň hem-de ýaş adamlary öz mümkinçiliklerini amala aşyrmakda goldamaga, şeýle hem sebitiň döwletleriniň ýaşlar guramalarynyň arasynda medeniýet, ylym, tehnologiýalar, telekeçilik we beýleki ugurlar babatda gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri we maksatnamalary kabul etmegiň zerurdygy hakynda ylalaşdylar» diýlip bellenilýär.

Umuman, bu halkara forum zenanlaryň we ýaşlaryň hukuklaryny giňeltmek babatda dünýä tejribesini öwrenmek, kämilleşdirmek, ony durmuşa geçirmek ugrunda wajypdyr.

Sözümiň ahyrynda hormatly Prezidentimizi, türkmen halkymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýaryn! Biz — ýaşlara şeýle giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Taýýarlan Kakajan ÇARYÝAROW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň 4-nji ýyl talyby, «Nesil».

"Nesil" gazeti,

12.12.2019ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 181 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 52 okalan

NOU – HAU