TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «MERKEZI AZIÝA — RUSSIÝA» IKINJI SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýet agzalary!

Ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Şaripowiç Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki ikinji duşuşygynyň geçirilmegi, biziň pikirimizçe, şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasa geçýändigini görkezýär. Munuň özi kanunalaýykdyr. Merkezi Aziýa we Russiýa diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen hem baglanyşandyr. Hut şeýle şertleriň jemi biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerini häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletleýin geljekde ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.

Merkezi Aziýada durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda bilelikdäki işimiz ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bu ulgamda sebitiň ýurtlary hem-de Russiýa baý tejribe topladylar. Daşary syýasat edaralarynyň, beýleki edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Häzirki wagtda olaryň gün tertibine täze wehimlerdir howplara garşy tagallalary utgaşdyrmak, şol sanda maglumat we biologik howpsuzlygy, ýurtlarymyzyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça meseleler girizilýär. Bular örän möhüm bolup, biz olary esas goýujy gymmatlyklarymyza, däplerimize, taryhy tejribä esaslanyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilelikde çözýäris.

Halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny hem-de utgaşdyrylmagyny dünýä giňişliginde umumy wezipelerimiziň esasylarynyň hatarynda belleýäris. Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny goramak, BMG-niň ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ählumumy howpsuzlygyň arhitekturasyny gorap saklamak meselelerinde bilelikde tagalla etmegiň zerurdygyna ynanýarys. Halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak dialogynyň medeniýetini, açyklygy we ynanyşmagy gaýtadan dikeltmek zerurdyr. Bu wezipeleriň häzirki wagtda çylşyrymly bolandygyna garamazdan, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň bilelikde bu maksatlary gazanmaga ep-esli täsir edip biljekdigine ynanýaryn.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny hem-de işjeňleşdirilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplaýar. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalaryň başy başlandy.

Ulag ulgamy bu gün aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň çäklerinden geçýän ygtybarly, durnukly, netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurda bilelikdäki hereketleriň esasy maksadydyr. Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginiň uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar. Bu ulag geçelgesi ähli gatnaşyjylara uly peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde oňa iri Ýewraziýa ulag taslamasynyň bir bölegi hökmünde seretmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň üsti arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň ähmiýetini bellemek isleýärin. Türkmenistan şu maksatlar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Energetika hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtaýarys. Şunda elektroenergetika aýratyn üns berýäris. Döwletlerimiziň çägi boýunça elektrik energiýasyny ibermek, bu babatda goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak meselesine seretmegi teklip edýäris. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyrys. Biziň bilelikde toplan, şeýle-de täze tejribelerimiziň we ylmy-tehniki gazananlarymyzyň esasynda birek-birege teklip edip biljek zatlarymyzyň bardygyna ynanýaryn. Innowasion ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýäris. Munuň özi içerki ösüş we halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Russiýanyň tehnologiýalar we innowasiýalar babatda giň halkara kooperasiýa gönükdirilen strategik ugruna ýokary baha berýäris. Biziň formatymyzda hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýarys. Häzirki wagtda innowasion ösüş Türkmenistan üçin milli ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmegiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup çykyş edýär. Özara bähbitlilik esasynda senagat pudagyna, oba hojalyk toplumyna, şähergurluşyk, “akylly” şäherleri gurmak ulgamlaryna hyzmatdaşlarymyzyň innowasion mümkinçiliklerini çekmäge gyzyklanma bildirýäris.

Ekologik deňagramlylygyň üpjün edilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň bilelikde köp meseleleri çözmeli ugurlarynyň biridir. Hazar deňziniň suw derejesiniň pese düşmegi, Araly halas etmek, senagatda we oba hojalygynda howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak çäreleri, daşky gurşawa zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly meseleler hem-de beýlekiler şolaryň hataryndadyr. Bu meseleleriň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hemişelik gün tertibinde degişli orun aljakdygyna umyt edýäris.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Şu ýyl biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn many-mazmuna eýedir. Biz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyny bilelikde belläp geçdik. Bu waka hemişe halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän berk binýatdyr. Biz döwletara gatnaşyklarymyzda umumy taryhy mirasymyza, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk taglymlaryna ygrarlylygymyza esaslanýarys, hemişe olaryň mizemez gymmatlyklardygyny tekrarlaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmegi möhüm bolup durýar. Bu gatnaşyklar hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýar, geljek üçin berk esasy döredýär, ýurtlarymyzyň halklarynda, şol sanda ýaşlarda birek-birege hormat goýmagy terbiýeleýär. Biz bu oňyn meýilleri goldamalydyrys we höweslendirmelidiris. Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny we “Merkezi Aziýa — Russiýa” ýaly hyzmatdaşlyk formatynyň möhümdigine, onuň uly kuwwatynyň bardygyna berk ynanýandygymyzy tassyklamak isleýärin.

 

(Duşenbe şäheri, 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabry)

turkmenistan.gov.tm