Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ylmyň häzirki zaman gazananlaryny ornaşdyrmakda, ylmy-tehniki kuwwaty artdyrmakda we döwrebaplaşdyrmakda ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynyň esasy şerti bolup hyzmat edýän ylmy hil taýdan ösdürmäge, kämilleşdirmäge, ýaşlara ylmy işler bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik döredýär.
Ýanwar aýynyň 25-ine Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň wekilleriniň umumy ýygnagyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine TYA-nyň ýolbaşçy düzümini saýlamak meseleleri girizildi hem-de strategiki döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
TYA-nyň maslahatlar zalyna belli alymlar, ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Akademiýanyň ozalky ýolbaşçysy pensiýa çykanlygy sebäpli gizlin ses bermek arkaly bu wezipä Sapardurdy Toýlyýew biragyzdan saýlandy. Ylymlar akademiýasynyň täze saýlanan ýolbaşçysy türkmen alymlarynyň adyndan hormatly Prezidentimize ylmy iş üçin ähli şertleriň döredilýändigi we hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize ylym jemgyýetçiliginiň wekilleriniň türkmen ylmyna mundan beýläk-de netijeli hyzmat etmek, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Ýurdumyzda ylmy-barlag işleriniň esasy utgaşdyryjysy, möhüm innowasion-tehnologik hem-de tejribe-synag merkezi hökmünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aýratyn ornuny nygtap, milli Liderimiz ylym ulgamyny hil taýdan täze dünýä derejesine çykarmak bilen ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldaw bermeginde ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagyny hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmegini gazanmakda uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda işleri ylmy taýdan pugtalandyrmak, halkara gaz geçirijileriniň gurluşygynda howpsuzlygy üpjün etmek, obasenagat toplumyny ösdürmekde ýokary hünärli agronomlary taýýarlamak we ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň işini kämilleşdirmek, geografiki taýdan amatly ýerleşýän ülkämizde gurulýan halkara ulag geçelgeleriniň hil taýdan amatlylygyny üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Haýsy ugra degişlidigine garamazdan, bu meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ylmyň gazananlaryna, aýratyn hem öňdebaryjy tehnologiýalara, innowasiýalara daýanmagyň zerurdygy barada ýygnakda gürrüň edildi.
Milli Liderimiz ýygnagyň ahyrynda ylym işgärleriniň bu meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirip, ýakyn wagtda ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri anyk kesgitlemekde alymlar bilen duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny habar berdi.
“Nesil” gazeri,
27.01.2018ý.