TAÝÝARLYK NÄHILI GIDÝÄR?

Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň sy­nag­la­ry­nyň go­laý­lap gel­ýän şu gün­le­rin­de da­laş­gär­ler — siz bir tarapdan-a, res­mi­na­ma­la­ry­ňy­zy öz wag­tyn­da tab­şyr­mak üçin jan ed­ýän­si­ňiz, beý­le­ki bir ta­rap­dan hem, ga­lan san­ly­ja gün­le­ri­ňiz­de sy­na­ga ne­ti­je­li taý­ýar­lan­ma­ga ça­lyş­ýan­sy­ňyz. Siziň ýa­kyn­da sy­nag tab­şyr­ma­ly­dy­gy­ňyz­dan ha­bar­ly­lar bol­sa du­şan ýe­rin­de: «Taý­ýar­lyk nä­hi­li gid­ýär?» di­ýip so­ra­ýan­dyr­lar.

Ha­wa, sy­nag­la­ra ne­ti­je­li taý­ýar­lan­ma­gyň aň­sat iş däl­di­gi hem­mä aýan. Em­ma şeý­le-de bol­sa, taý­ýar­lan­mak bi­len ne­ti­je­li taý­ýar­lan­ma­gyň ara­syn­da kän ta­pa­wut bar. «Ne­ti­je­li taý­ýar­lan­mak» diý­mek — mu­nuň özi mag­lu­mat­la­ryň gys­ga wagt­da ne­ti­je­li öw­re­nil­me­gi­dir. Ge­liň, on­da sy­na­ga çen­li ga­lan san­ly­ja gün­ler­de si­ze üs­tün­lik ge­tir­jek kä­bir mas­la­hat­la­ra göz aý­la­lyň!

Synag pursadyny hyýalyňyzda janlandyryň!

Siziň tabşyrýan hünäriňizde okap ýören talyplaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olardan synagyň gidişi, jogap berlende bildirilýän talaplar, özüňi alyp barmagyň aýratynlyklary, ýanyňda bolmagy zerur hasaplanýan resminamalar we sizi gyzyklandyrýan beýleki sowallar barada soramaklyk siziň synag döwrüni gysga pursatlyk bolsa-da göz öňüňizde janlandyrmaga ýardam eder we aljyraňlylygyňyzy peselder. Şeýle-de bu söhbetdeşlik siziň taýýarlygyňyzyň derejesini hem kesgitlär.

Ýatdan däl-de, düşünip jogap beriň!

Ýokary okuw mekdepleriniň synaglary elmydama ýokary derejeli geçirilýär. Ol ýerde ökdeden-ökdeler, zehinliden-zehinliler öňe saýlanýar. Şonuň üçin hem synagyň sowallaryna jogap bereniňizde, temalary ýatdan bilýänligiňizi däl-de, eýsem, düýp mazmunyna düşünýändigiňizi synag alýan mugallymyň duýmagyny gazanyň! Goý, synag alýan mugallym siziň pikirleriňizi ynamly beýan edip bilýändigiňize göz ýetirsin! Bu siziň iň uly artykmaçlygyňyz bolar. Munuň üçin bolsa häzirden haýsy temadan özüňizi gowşak hasaplaýan bolsaňyz, şol temany gaýtadan özleşdiriň!

Zynjyryň iň ejiz halkasyny tapyň!

Iň aňsat sowalyň däl-de, iň kyn sowalyň çykmagyna garaşyň! Şeýlelikde, özüňiziň taýýarlygyňyza adalatly baha berip bilersiňiz! Siziň üçin iň kyn temalara jogabyňyz synagdan näderejede geçip biljekdigiňiziň subutnamasydyr. Çünki zynjyryň berkligi onuň iň ejiz halkasyna baglydyr. Eger-de gowşaklyk duýulýan bolsa, onda siziň taýýarlygyňyzy öňküden has güýçlendirmelidigiňizi aňladýar.

Sussupeslige ýol bermäň!

«Eger-de synagdan geçip bilmesem, onda eýderin ýa-da beýderin» diýen ýaly ikinji bir pikir kelläňize gelip, taýýarlygyňyzy gowşatmasyn! Beýle ýagdaýda biz ýaltalyga meýil edýäris we özümizi şowsuzlyga taýýarlaýarys. «Men synagdan hökman geçmeli. Bu meniň iň uly arzuwym» diýip taýýarlyk görýän dalaşgärlerimiz bolsa has maksada okgunly hereket edýärler. Bu bolsa köplenç üstünlik bilen tamamlanýar.

Uzak wagtlap okamaň, netijeli okaň!

Synaga taýýarlyk döwründe dogry iýmitlenmek we kadaly uky aňymyzyň has dürs bolmagyna ýardam edýär. Kadaly uklaman ýa-da naharlanman köp sa­gat­lap taý­ýar­lan­mak — ne­ti­je berýän däldir. Beýnimiz köplenç taý­ýar­ly­gyň il­kin­ji 30 — 45 minutynda has işjeň bolup, soňabaka onuň güýji peselýär. Eger-de belli bir wagtda arakesme edip, gözümize, beýnimize dynç bersek, indiki 30 mi­nu­tyň do­wa­myn­da hem ýene-de netijeli okamagy başararys. Eger-de bu pikiri inkär edip, arasyny üzmän, 3-4 sa­gat­lap yzy­gi­der okap otur­sak, onda biz bu taýýarlygyň bary-ýogy il­kin­ji 30 — 40 mi­nu­ty­ny bäh­bitli peýdalandygymyz bolýar. Kadaly uklap, wagtly-wagtynda iýmitlenip synaga taýýarlyk görmesek, onda synag gününe çenli özümizi agyr we ýadaw duýmakdan başga hiç zat galmaz.

Siziň ähliňize synaglarda üstünlik arzuw edýäris!

Şageldi Ýabanow,

“Nesil” gazeti,

16.07.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU