Ýakynda Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde Sarahs, Tejen, Babadaýhan, Altyn asyr etrap häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we medeniýet bölümleriniň guramaklarynda şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmen Bitaraplygy – döwrüň hakykaty” atly döredijilik agşamy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulylar, mährem eneler şeýle-de, dürli pudaklarda zähmet çekýän guramaçylyk bölümleriniň agzalary we ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenlerden ilkinji bolup Abiwerd taryhy we medeni goraghanasynyň ýolbaşçysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maýa Hojaýewa Türkmenistanyň kanunçylyk binýady, konstitusion özgertmeler, girizilen üýtgeşmeler we goşmaçalar barada aýdyp, dünýä derejesinde dabaralanýan döwletimiziň Bitaraplyk statusynyň aýratynlyklary we türkmen Bitaraplygynyň gadyr-gymmaty hakynda beýan etdi. Döwrümiziň ýazyjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölümçe müdiri Kümüş Mätnyýazowa öz gezeginde gyzykly hekaýa ýüzlenip, mähriban enelerimiziň maşgalada tutýan möhüm ornuny nygtady şeýle-de, onuň döwrümizi wasp edýän goşgusy tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna sebäp boldy. Köne Sarahs goraghanasynyň hünärmeni Babajan Gylyjow Türkmenistan ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen onda ýerleşen dünýä ýadygärlikleriniň gymmaty, Bitaraplygymyzyň gazanylan günlerinden bäri taryhy goraghanalary döretmekde we onuň işini ýaýbaňlandyrmakda bitirilen işler barada gürrüň berdi. Soňra Tejen etrabynyň 32-nji orta mekdebiniň mugallymy Allanur Saparow, 13-nji orta mekdebiniň mugallymy Bibisoltan Sähetgurbanowa, Sarahs etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Ogulnäzik Hümmiýewa “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly we Bitaraplyk hakynda giň düşünjeleri berip, ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýaşlara döredilýän şertler barada, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň uly gollanma bolýandygyny özleriniň sözünde beýan etdiler. Tejen etrabynyň Garryçyrla oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Perman Gurbandurdyýew ýurdumyzda medeniýet we sungat pudaklarynyň tutýan möhüm orny, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýä medeniýetiniň milli gymmatlyklaryny öwrenmäge açylýan mümkinçilikler, medeniýetimiziň, taryhymyzyň, geçmiş mirasymyzyň dabaralanýandygy barada aýdyp geçdi. Döredijilik agşamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatyny taryplap şahyrana duýgylar bilen buýsançly alkyş sözlerini beýan etdiler we dünýä tarapyndan üç gezek ykrar edilen şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlagly sözlerini aýtdylar. Soňra bolsa döredijilik agşamynda aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Etraplaryň medeniýet we sungat işgärleriniň, bagşy-sazandalarynyň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlarynda döwrümiziň waspy giňden edildi. Onda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda eziz Watanymyzyň ösüşli günleri, mukaddes enelerimiziň, tebigat gözelliginiň we päk söýgüniň waspy çeper beýan edildi. Ahal welaýatynyň birleşen aýdymçylar toparynyň we dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeklerinde “Alkyş aýdýarys” atly aýdym bilen soňlanan döredijilik agşamy ýatdan çykmajak pursatlara beslenip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine we el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Selbi ANNAKURBANOWA,
Tejen etrap medeniýet bölüminiň
taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.












