WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Baýramaly şäheriniň 5-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Medeni miras — halkymyzyň ebedi gymmatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Selbi Çolukowa hem-de 5-nji orta mekdebiň müdiri Enebaý Jumaýewa dagylar çykyş edip, olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy medeni mirasyny aýawly saklamagyň, dünýä ýaýmagyň, milli gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmegiň möhüm ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar taryhymyzy, medeni mirasymyzy öwrenmek we wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Serdar BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Dekabr 2025 | 6 okalan

BAKY TOÝUŇ ŞANYNA

02 Dekabr 2025 | 8 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

02 Dekabr 2025 | 7 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI