Güýzde hoşlaşygyň dogasyny alan baglardyr dal-daragtlar zer donuny geýýärler. Edil toý sowup gelen gelin-gyzlaryň tyllaýy şaý-seplerini, ýaglykdyr gyňaçlaryny ýeke-ýekeden aýryşdyryp, ýerbe-ýer goýşy ýaly, pür-pudaklaryny ýuwaşlyk bilen birme-bir döküp ugraýarlar. Bu tebigatyň kanuny. Ýazda baglaryň pyntyk ýaryp, gunçalap-güllemegi, tomusda hasyla durup, güýzde ýüküni ýeňletmegi dünýä barlygynyň güwäsi. Ýöne, käteler seýregem bolsa, tebigatyň duýdansyz täsirleri bilen hasyl tamasyndan el üzdürýän ýagdaýlaram gabat geläýýär. Baglar ýaňy bir güle duranda, doly gelip, gülleriň gara çowlam bolşuny, nowçalan pursadynda güýçli ýeliň ýere döküşini synlap, nebsiň-janyň agyrýar. Tebigatyň şeýle halyna gynanýan duýguçyl halkymyzyň 1948-nji ýylyň oktýabrynda başdan geçiren ahwalyny suratlandyrara söz azlyk edýär. Ol gün nowça güller ýaly balalaryň, çynar kimin ýaşlaryň, parasady umman deý ýaşulularyň... gör, näçesiniň ömri tamamlandyka?! Olar bir günde, bir sagatda däl, eýsem, sanlyja sekundyň dowamynda goduklan ýeriň goýnuna siňip gitdiler. Elmydama tebigatdyr janly-jandarlar bilen sazlaşykda ýaşan halkymyza şol gün ýene-de bir zat aýan bolupdyr. Garaňky düşenden pişikler bir zatdan gorkan çagy «tys-tys» edip, guýruklaryny gatadyp, gaçyşlary ýaly, janlaryna jaý tapman, öz «dillerinde» biri-biri bilen gaýybana gürleşipdirler. Türkmeniň öý-ojagynyň, çopan goşunyň goragçysy bolan wepaly alabaýlar bolsa, göýä, dowar sürüsine möjek ordasy golaýlap gelýän ýaly, iki tarapa ylgap, üýrüşip gijesi bilen ýatmandyrlar. Bu barada Baýramalydan Aşgabada okamaga gelen, soňra oba hojalyk ylymlary boýunça tanymal adamlaryň biri bolan Böri Garlyýew şeýle gürrüň beripdi:
— Agam Nobat bilen bir institutda okaýardyk. Talap güýçli, bizem obadan gelen oglanlar dil, ýol-yz bilemzok. Şol sebäpli-de gije-gündiz okap, çuňňur bilim almaly diýen karar bilen, institutymyza ýakynjak ýerde kireýine ýaşaýardyk. Okuw jaýymyzyň dik maňlaýynda, beýik depäniň üstünde ýerleşýän oba «Gaža» diýip atlandyrylýardy. Şol ýer goduklan güni ölügsije çyranyň ýagtysyna kitap okap oturan ýerimizde uklap galypdyrys. Hojaýynymyzyň alabaý itiniň sesine oýanaýdyk. It janawar howlynyň içinde şeýle bir iki ýana ylgap, üýrüp, çarp urýardy welin, hiç zadyň çaky-çeni däldi. Oňa çenli Hudaýberdi agada oýanyp, daş çykdy. Ýaşuly juda duýgur ekeni. Ol uruşda kynçylyk baryny çekip, ojagyna dolanan köne frontçularyň biridi. Ýer çalaja silterländen, ol görgüli: «Haý, turaweriň, oglanlar! Öýden çykaweriň, goňşulary-da oýaraweriň!» diýip gygyryberdi. Ýerli-ýerden ylgaşlap, aýak ýalaň-da-baş açyk daşaryk çykdyk. It janawar şondan soňam köşeşmedi. Ýaşuly goňşularynyň biriniň gapysyny urýarka, başga bir howlynyň derwezesini dyrnaçaklap, asmana bakyp uwlap, bir zatlary yşarat edýärdi. Görüp otursak, şol howluda Akbaýa elmydama galan-gaçanyny getirip berýän ýalňyz garry ene ýaşaýan ekeni. Ine, şeýdip biziň hemmämiz hüşgär itiň kömegi bilen diri galdyk. Şol günden bäri tebigy betbagtçylyk zerarly, biwagt tänen ýapraklar kimin ömür tanaplary kesilen deň-duşlarymyzy, tanyş-bilişlerimizi, okadan mugallymlarymyzy ýatlap ýörüs.
Hawa, şahyryň: «...ýatlamak kyn, ýatlamazlyk kyn» diýşi ýaly, ol günler diňe kyssalarda ýatlansyn-da hernä!
Ynsan ogly ene gujagyndan soň, rahatlygyň öýi bolan sallançaga salynýar. Uzak-uzak ömür sürüp, döwletli-döwranlary söýgüläp, kemally ogul-gyzlary ösdürip ýetişdirip, bir menzile ýetip, bakyýete göç eýlände hem ýenede «agaç sallançaga» salyp, «allalanyp» ugradylýar. Şu iki sallançagyň arasynda bagtyýar ýaşap ýörkäň, her bir zadyň ýerbe-ýer bolmagyny gazanmak hakyky ynsana mahsus häsiýet. Milli ýörelgelerimizi başyna täç eýleýän halkymyz toý-tomaşasyny aňrybaş derejä ýetirýär. Ýatlama günleri: «Ölüsini sylan beg bolar» diýýär-de, öten-geçenlerine aýat-töwir edýär. Şeýle ajaýyp däp-dessurlaryň döwlet derejesinde giňden ýaýbaňlandyrylmagy ýaş nesillere görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde gurlan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy onuň aýdyň mysalydyr. Mahal-mahal eli ter gül desseli ildeşlerimiz baryp, bu toplumda öten-geçenleriň ruhuna tagzym edýärler.
Türkmen topragy uzak asyrlaryň dowamynda döş gerlip goralan, kerem-keramatly ýer saýylýar. Watanymyzy jan-tenden söýen merdana gerçekler elmydama parahatçylygy, asudalygy gözüniň göreji ýaly gorapdyrlar. Bala-çagalaryň, ýaşuly nesilleriň erkana ýaşaýşyny üpjün edipdirler. Garrygala, Gökdepe söweşleri ýaly belli taryhy wakalardan başga-da, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda ümmülmez Garagum sährasynda-da Watan üçin baş goýan gerçekleriň yzlaryna häli-bu güne çenli duş gelmek bolýar. Geçen asyryň ortalarynda bolup geçen II jahan urşunda hem türkmen ýigitleriniň görkezen edermenlikleri taryhyň gatlarynda galypdyr. Urşuň yzysüre, ýaňy bir galkynyp ugran Aşgabatda ýer yranmagy bolsa, ýene-de ençeme arzuwlary ýele uçurypdy. Şol günüň ýaş ýigitleridir gyzlarynyň, durmuş guranyna kän wagt geçmedik çatynjalaryň, urşuň pidalaryndan soň, ýaňyja gujagyna bäbek dolan maşgalalaryň... armana öwrülen arzuwlary barada gürrüň berýän kyssalar, ýazylan çeper eserler muňa mysal bolup biler. Ana, şol Watan gerçekleriniň ruhuna tagzym hökmünde döredilen ýadygärlikler toplumy uzaklardan seleňläp görünýär.
Bu gün — 6-njy oktýabr. Halkymyzyň öten-geçenlerini ýatlaýan hakyda güni. Elleri ter gül desseli ildeşlerimiz assaja ädimläp, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna tarap barýarlar. Ýakynda uly-şatlyk şowhun, aýdym-saz, älemgoşar keşpli feýerwerkler bilen özüniň mukaddes Garaşsyzlyk toýuny bellän ildeşlerimiz, ylla diýersiň, dag-depelerindäki ümsüm arçalar ýaly dymyp, başlaryny aşak egip, eginlerini deňläp barýarlar. Gep-söz, ses-semere edil gadagan edilen ýaly. Sebäbi türkmeniň sylag-serpaýly ýatlama dessury şeýle. Bu gün diňe ýürekler batly gürsüldäp: «Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun, Watan gerçekleri!». Ylaýym, siziň dowamatlaryňyz bolan ýaş nesiller ýamanlyk ýüzüni görmesin! Ýurt parahatçylygy, il abatlygy elmydama türkmen iline mahsus bolsun!» diýýän ýalydy.
Ogulbeg Jumaýewa,
“Nesil” gazeti,
06.10.2020ý.