Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkeziniň bilelikde guramagynda maslahat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň “Jemgyýetçilik guramalary köpräk halkyň arasynda bolup, gadymdan gelýän pähimlerimizi wagyz etmeli” diýen sargytlaryndan ugur alnyp geçirilen bu maslahat “Ata barynda — ogul ýaş, aga barynda ini ýaş” diýlip atlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahat duşuşygynda meýilnama esasynda birnäçe çykyşlar diňlendi. Maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Süleýman Durdyýew alyp baryp, onda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, zähmet weterany Çaryguly Ataýew, Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulular geňeşiniň agzasy, zähmet weterany Ogulgül Annageldiýewa, Medeniýet žurnalynyň bölüm redaktory Abdylhalyk Jumadow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň ýaş alymlar bäsleşiginiň ýeňijisi Läle Aşyrowa dagy çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda ata-babalarymyzyň bize miras galdyran pähim-parasatly sözleri, terbiýeçilik ähmiýetli nakyllary dogrusynda, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlaryny watansöýüjilik, ynsanperwerlik, batyrlyk, halallyk ýaly ajaýyp häsiýetler bilen terbiýelemekde milli ýörelgelere daýanylyp alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Maslahatda ýerine ýetirilen çykyşlaryň her birinde halkymyza şeýle asuda zamany, parahat zemini, bagtyýar geljegi bagyş edýän milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözleri bolsa uly buýsanç bilen aýdyldy.
Umyda ŞYHYMGULYÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.