DÖW­RÜŇ SÖ­ZÜ­NI SÖZ­LE­ÝÄN ZE­HIN­LER

Yl­ham — yla­hy ýal­kaw. Adam­zat yk­ba­lyna dahylly pursatlaryň her birinde ol başgaça şöhlelenýär. Zemine bolluk bilen nur eçilýän äpet Gün kimin, ýürekleri mähir-muhabbete çoýýar. Ol şöhlelenişiň üsti bilen barlyga, geçmişdir şu güne akyl ýetirilýär, geljege nazar aýlanýar. Onuň kalbyňa aralaşmasy bilen duýgularyň akgynlylyga, pikirleriň kesgir paýhasa eýe bolýar.

Söz! Ol dünýäniň süňňüni ýyladýar, ýüreklere ýol salýar. Onuň bar gudraty şonda. Güý­ji — ýa­dy ýa­kyn kyl­ýan­ly­gyn­da. Yn­san üçin ondan gowy melhem bolup bilmez. Gulagyň gandygyça, manysyny tirdigiňçe, ondan zyýat şypanyň ýokdugyna göz ýetirersiň. Biz onuň gymmatyny egismeýän baýlykdygyna dana atamyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň manysyny tire-tire düşünip gelýäris.

Sözde ynsanyň ruhy bar. Ol içki dünýäsiniň ähli baýlygyny şol gudrata siňdirende bakylygy gazanýar. Döwre, durmuşa täze röwüş, şatlyk paýlaýar. Beýik wakalaryň, belent başlangyçlara eltýän menzilleriň taryhy hut şu keramatyň üsti bilen nesillere ýetirilýär... Çeper sözden bina bolan edebi eserler ruhumyzy baýlaşdyrýar. Kalbymyzy ynama doldurýar. Ýurdumyzda kalplary şol ynam bilen doly ýaşlarymyz bolsa barmak büküp sa­nar­dan kän. Us­sat­lyk­la­ry bi­ri-bi­rin­den zyýada, zehinleri ötgür ýaşlarymyzyň ýüreklerinde mähriban Watanymyza buýsanç, dillerinde ykballaryna ak bagtdan pürepür günleri bagyş eden Gahryman Arkadagymyza bolan alkyş bar. Ol alkyşlaryň her biri çeper sözüň gudratyna siňip, olary ýeňişli menzillere atarýar. Ýatdan çykmajak şatlyklary aýdyň ertirleriniň ilkinji binýadyna öwrülýär. Ilkinji ädimleriň ýeňşi bolsa hemişe başgaçalygyna galýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy, şeýle-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ýörite emin agzalary tarapyndan hödürlenen işleriň iň mynasyplary saýlanyp-seçildi. Ýeňijiler bu ýerde halypa şahyrymyz Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň geçen döredijilik ýoly barada beren gyzykly söhbetlerini, gymmatly maslahatlaryny diňlediler.

Soňra «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýew dagy çykyş edip, ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdiler. Ýurdumyzyň çar künjeginden gelen ýeňijileri bir sapaga düzen bu duşuşyk diýseň täsirli geçdi. Olar ady agzalan guramalar tarapyndan ýörite gymmat bahaly sowgatlardyr Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Çeper söz muşdaklarynyň arasynda ýylyň-ýylyna geçirilýän bu bäsleşik döredijilik ýoluna gadam basan ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakda iňňän uly ähmiýete eýedir.

Ýaş­lar — döw­rüň ýü­zi. Ola­ryň ga­zan­ýan her bir ýeňşi ýagty ertirleriň aýdyň geljeginiň güwäsidir. Mähriban Watanymyzyň dowamatydyr, döwri döwür edýän daýanjymyzdyr. Goý, olaryň şeýle ýeňişleriniň yzy gür, höwri köp bolsun!

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA, «Nesil».

“Nesil” gazeti,

20.06.2019ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.