Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda Gökderedäki Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz!» atly şygar astynda Gökdere kubogyny almak ugrunda merkezara sport ýaryşy geçirildi. Şadyýan tomsuň dowam edýän günlerinde salkyn saýaly Gökdere jülgesinde dynç alýan çagalar sportuň woleýbol, basketbol, kiçi futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka, düzzüm, tanap çekmek, ýeňil atletika ýaly görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşajyk sport söýüjilerden düzülen toparlara ýaryşy guraýjylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Gurbannazar ÖWEZOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde merkezlerde dynç alýan çagalardan düzülen ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň arasynda ýangyn-amaly sporty boýunça merkezara bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň maksady «Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň edermenligini, batyrlygyny, emläk eýeçiligine aýawly garamagyny, dostluga wepalylygyny we beden taýdan taplanmagyny terbiýelemekden hemde ýangyn tehniki serişdeleriniň ulanyş düzgünlerini öwretmekden ybarat boldy. Merkezara bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Merjen GURBANOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Giňdir älem ýaly şygryýet çyragy» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Ahal welaýat Ýaşlar guramasy tarapyndan geçirilen çärä edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Onda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan okgunly ösüşler barada gürrüň edilip, Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, mertlik, gahrymançylyk, edermenlik hakyndaky we türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny wasp edýän goşgulary okaldy. Şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar belentden ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda oňa gatnaşan ýaşlar bagtyýar durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyza özleriniň alkyş sözlerini beýan etdiler.
Güljeren BAÝRAMOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bagtly çagalarynyň ýagty geljegi ugrunda edýän tutumly işleri rowaçlyklara beslenýär. Her ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde ýaş nesilleriň medeniýetli dynç almagy we günlerini şadyýan geçirmekleri üçin, ähli mümkinçilikler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri şatlyk-şowhuna beslenýär.
Serhetabat etrabyndaky 2-nji orta mekdebinde ýerleşýän «Serhetçi» atly çagalar dynç alyş meýdançasynda dynç alýan çagalaryň arasynda «Kim çalasyn?» ady bilen 100 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen ýaryş ýaş ýeňil atletikaçylary ýüze çykarmaga mümkinçilik döretdi. Çalasynlygy, çakganlygy, ugurtapyjylygy talap edýän sportuň bu görnüşi boýunça çagalar iki topara bölünip ýaryşdylar. Ýeňiji bolan toparlara Serhetabat etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Tawus AŞYROWA,
TMÝG-niň Serhetabat etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen «Maşgalam — baş galam» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertlerdir mümkinçilikleriň ähmiýetine ünsi çekdiler. Olara hormatly Prezidentimiziň ýaşlara edýän sargytlaryna çuňňur uýup, belent adamkärçilikli, watansöýüji, sagdyn ruhly bolmaklaryny ündediler.
Ýaşlary bezeýän gylyk-häsiýetler dogrusynda aýdylan öwüt-ündewler oňa gatnaşyjylarda uly täsir döretdi.
Jemal BEBITOWA,
TMÝG-niň Çärjew etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Türkmenbaşy şäher Ýaşlar guramasynyň we Bilim bölüminiň, Awaza etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Awaza kubogyny almak ugrunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän ähli dynç alyş merkezleriniň tomusky dynç alyş möwsüminde şatlykly dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryş hem diýseň gyzgalaňly boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen ýaryşda çagalar toparlara bölünip, sportuň futbol, kenarýaka woleýbol, basketbol, suwda ýüzmek görnüşleri boýunça ýaryşdylar.
Bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan toparlara Türkmenbaşy şäher Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Kyýas GARAÝEW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.
Daşoguz welaýat Ýaşlar guramasy we welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmak hem-de ýaşlaryň arasynda nakyllaryň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen «Atalar sözi — paýhas ummany» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda boldy. Olar nakyllaryň many-mazmunyny düşündirmekde öz aralarynda toparlara bölünip bäsleşdiler. Tapawutlanan toparlara Daşoguz welaýat Ýaşlar guramasynyň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.
Uzukjemal NEPESOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
04.07.2019ý.