Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyz Aşgabat şäherinden Ýaşlar guramalarynyň welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de edara-kärhanalaryň ilkinji ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler esasan hormatly Prezidentimiziň 5-nji iýulda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipeler, şeýle-de milli Liderimiziň döwlet ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan alnyp barylýan işler, şol bir wagtda döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan Ýaşlar syýasaty barada giňişleýin durup geçdiler. Duşuşyk maslahatynda ýerine ýetirilen çykyşlaryň her birinde ýurdumyzda Ýaşlar syýasatyny ýokary derejede durmuşa geçirmekde döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri buýsanç bilen aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.