Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmaklarynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Kämil nesil — nurana geljek» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Ony Aşgabat şäher Ýaşlar guramasy gurady. Salkyn saýaly jülgede dynç alýan çagalar labyzly goşgy aýdyp, şirinden-şirin aýdym-sazly çykyşlarynyň üsti bilen ýurdumyzy eşretli çagalygyň mekanyna öwren hormatly Prezidentimize bolan alkyş sözlerini, Watanymyza bolan çäksiz söýgülerini beýan etdiler. Ruhubelentlige beslenen aýdym-sazly çäräniň soňy sport bäsleşikleri bilen utgaşdy.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Berkararlyk etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan sportuň futbol görnüşi boýunça geçirilen «Altyn top» atly ýaryş «Altyn sümmül» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny hoş geçirýän çagalaryň arasynda boldy. Şadyýan çagalar toparlara bölünip, özleriniň ussatlyklaryny başarjaňlyk bilen görkezdiler. Diýseň çekeleşikli hem-de gyzykly geçen bäsleşikde ýeňiji bolan topara Berkararlyk etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
«Milli senagatyň täze kuwwatlyklaryna ýaşlar buýsanýar» atly şygar astynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynda açylan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik awtoulag ýangyjy çykarylýan dünýäde ilkinji zawodyň biziň ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berilmegi bütin halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Zawodda zähmet çekýänler üçin döredilen oňaýly şertler bilen tanyşdyryldy. Iri senagat toplumynda zähmet çekýän ýaşlaryň birnäçesine Gökdepe etrap Ýaşlar guramasynyň ýörite taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak we sporta bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, Sakarçäge etrabynyň sport mekdebinde ýetginjekleriň arasynda sportuň woleýbol, tennis, futbol görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Sakarçäge etrap Ýaşlar guramasynyň hem-de etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guran bu sport bäsleşigi «Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet» diýlip atlandyryldy. Bäsleşikde tapawutlanan ýaşlar Sakarçäge etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Toýly ÇARYÝEW,
TMÝG-niň Sakarçäge etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Dänew etrabynyň orta mekdeplerinde açylan çagalar dynç alyş meýdançalary tomusky dynç alyş günlerinde çagalara unudylmajak şatlykly pursatlary eçilýär. Tomus möwsüminiň dowam edýän gyzykly günlerinde bu ýerde çagalaryň şatlyk-şowhuny has-da belentden ýaňlanýar. Şeýle şatlyk-şowhuny etrabyň 21-nji orta mekdebinde hereket edýän «Lebap» çagalar dynç alyş meýdançasynda has aýdyň duýmak bolýar. Bu ýerde dynç alýan çagalar bilen Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyna «Tebigat — gözellik» atly gyzykly gezelenç guraldy. Olar goraghanada guşlaryň dürli görnüşlerine we ösümlik dünýäsine syn etdiler. Gezelenç çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.
Dursunjemal SARYÝEWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Magtymguly etrabynyň medeniýet öýünde zähmet çekýän işgärleriň we medeniýete hem-de sungata höwesek ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Ýaramaz endikden daşda duralyň!» atly şygar astynda geçen wagyz-nesihat duşuşygynyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmek bilen bagly boldy. Onda ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerip, maksada okgunly, kämil hünärli bolmaklyk ündeldi.
Bägül SÄDIÝEWA,
TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen çagalar aýratyn söýgi we mähir bilen gurşalýar. Olaryň sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, bilimleri çuňňur ele alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň şertler döredilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde Awaza, Gökdere ýaly ajaýyp tebigy ýerlerde hereket edýän dynç alyş merkezlerinde çagalaryň sapaly dynç almaklary üçin, ähli zerur bolan mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçmeklik diýseň ýakymly.
Gubadag etrabynda hereket edýän çagalar dynç alyş meýdançalarynda dynç alýan çagalaryň netijeli dynç almaklary üçin ýygy-ýygydan çäreler geçirilýär. Ýakynda etrabyň 57-nji orta mekdebinde döredilen çagalar dynç alyş meýdançasynda «Arkadagly Diýarda bagtyýar biz, bagtyýar» ady bilen geçirilen aýdym-sazly çäre hem ýokary ruhubelentlige beslendi.
Çary KAKABAÝEW,
TMÝG-niň Gubadag etrap Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
11.07.2019ý.