Şu gün Aşgabat şäherindäki 10-njy saglyk öýüniň mejlisler jaýynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Berkarar döwletim şanly, şöhratly, sagdyn durmuş bilen gadamlar batly» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda geçen bu maslahata ilatymyzyň saglygyny dikeltmekde irginsiz zähmet çekýän saglyk ulgamynyň we Ýaşlar guramasynyň wekilleri ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Maslahatda meýilnama esasynda çykyşlaryň birnäçesi diňlenilip, onda çykyp geplänler ýurdumyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», şeýle hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, esasan hem, ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda zerur şertleriň döredilýändigi dogrusynda buýsançly gürrüňleri etdiler. Şeýle-de şunuň ýaly ägirt uly işleriň durmuşa ornaşdyrylmagynda uly mümkinçilikleri döredýän lukmançylyk ylymlarynyň doktory hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Dabaranyň ahyrynda baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan raýatlarymyzyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda mynasyp goşant goşýan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň öňdebaryjylarynyň aglabasyna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.