GYZYKLY BÄSLEŞIKLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň aladalary esasynda ýurdumyzyň ýaş nesliniň ruhy we beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, edepli-terbiýeli, Watanyna, halkyna wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki günlerde ýurdumyzda sapaly tomus pasly dowam edýär. Çagalaryň şatlyk-şowhun bilen geçirýän tomusky dynç alyş günlerini has-da gyzykly we täsirli geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Ol ýerde çagalaryň tomusky dynç alşyny şadyýan, manyly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen. Döredilen şertler bilen birlikde dynç alýan körpeleriň arasynda dürli bäsleşikleriň, baýramçylyk sahnalarynyň, gezelençleriň yzygiderli guralmagy olaryň wagtlaryny has-da täsirli geçirmäge ýardam edýär.

Şeýle çäreleriň biri hem şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan körpelerden düzülen toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşiklerdir. Sportuň woleýbol, basketbol, kiçi futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, suwda ýüzmek, küşt, şaşka, düzzim, tanap çekmek, ýeňil atletika boýunça guralan bäsleşikler “Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz” atly şygar astynda geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikler ýurdumyzyň ýaş neslinde sporta bolan söýginiň näderejede ýokarydygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara ony guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýurdumyz hakykatdan-da hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bagtly çagalygyň, olaryň ähli arzuw-islegleriniň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi.

Begmuhammet MEREDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.