SAGDYN JEMGYÝET – SAGDYN DURMUŞ

Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin ruhy hem beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek babatynda irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ähli ugurlar bilen birlikde sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de neşe we beýleki zyýanly serişdeleri ulanmagyň öňüni almaga gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar.

Şeýle çäreleriň biri şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, şeýle-de Türkmenistanyň Hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda “Sagdyn jemgyýet – sagdyn durmuş” ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygydyr. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň kiçi mejlisler jaýynda geçen bu maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen birlikde dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň köpsanlysy gatnaşdylar.

Maslahatda birnäçe çykyşlar diňlenip, olarda sagdyn durmuşy wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek, bu ählihalk bähbitli işde hormatly Prezidentimiziň görkezýän şahsy göreldesine eýermek, ýaramaz pişelerden daşlaşmak dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. “Jemgyýetimiziň jebis hem sagdyn, her bir raýatyň berk bedenli, belent ruhly, bagtyýar bolmagynda sportuň uly orny bar we bu babatda döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň, gazanylýan üstünlikleriň, özgertmeleriň kerweni gün geçdigiçe uzap barýar”— diýlip, çykyşlarda buýsanç bilen aýdyldy. Şeýle-de ýurdumyzda il saglygyny ähli zatdan zyýada görüp, bu ugurda düýpli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Habarçysy.

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.