ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­mala­ry­nyň mer­ke­zi bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim ministr­li­gi­niň, şeý­le-de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li «Bi­lim bagtly gel­je­giň bin­ýa­dy­dyr» şy­ga­ry bi­len baý­ramçy­lyk du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Oňa paý­tag­ty­myz­da ýer­leş­ýän ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bag­tyýar ta­lyp­la­ry­dyr professor-mugallymlary, şeýle-de Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň iş­jeň ag­za­la­ry­nyň köp san­ly­sy gat­naş­dy.

Baý­ram­çy­lyk du­şu­şy­gyn­da çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çyly­gyn­da ýur­du­my­zyň ýag­ty er­ti­ri­niň eýe­le­ri bo­lan ýaş­la­ryň döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de bi­lim al­ma­gy, kä­mil ter­bi­ýe­len­me­gi we yl­my dö­re­di­ji­li­ge ug­ruk­ma­gy, ata Wa­ta­nymy­za, hal­ky­my­za, pe­der­le­ri­mi­ziň ýol-ýörelgelerine we­pa­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ne­ti­je­li iş­le­riň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýändi­gi dog­ru­syn­da tä­sir­li gür­rüň et­di­ler. Şeý­le-de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da durmuş-ykdysady taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyklyk­da, ylym ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty­ny, ada­myň aň-bi­lim müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak bi­len, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň in­no­wa­si­ýa­la­ra, teh­no­lo­giýa­la­ra we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re da­ýan­ýan ösüşi­ni üp­jün et­mä­ge, yl­myň, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, önüm­çi­li­giň hem-de pu­dak­la­ryň ara­bag­la­ny­şygy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga mö­hüm äh­mi­ýet berýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

Ymamberdi BATY­ROW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we kom­mu­nika­si­ýa mi­nistr­li­gi­niň «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky il­kin­ji Ýaşlar gu­ra­ma­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da «Hal­kyň si­ziň bi­len bir jan, Ar­ka­dag!» şy­ga­ry as­tyn­da wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. «Türk­men­de­mirýol­la­ry» agent­li­gi­niň «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry» döw­let kär­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler ja­ýyn­da ge­çi­ri­len wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­na Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki De­mir ýol ulag­la­ry or­ta hü­när okuw mek­de­biniň ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar. On­da Ber­ka­rar döwle­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ga­za­nyl­ýan uly ösüş­ler, ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy ugrun­da ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

Maýagözel GARAJA­ÝEWA,

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň esasy hünärmeni.

Sa­ýat et­ra­by­nyň Sa­kar şä­her ki­tap­ha­nasyn­da dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň gat­naş­mak­la­ryn­da «Ro­waç­ly­gyň ak ýo­ly» ady bi­len aý­dym-saz­ly dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gy ge­çiril­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­lar öz­le­ri­niň dü­zen goş­gu­lary­ny la­byz­ly okap ber­di­ler. Sa­ýat et­ra­by­nyň Sakar şä­her Me­de­ni­ýet öýü­niň bag­şy­sy Sa­byr­han An­na­gel­di­ýe­wiň aý­dyp be­ren şi­rin aý­dym­la­ry du­şu­şy­gyň şow­hu­ny­ny has-da art­dyr­dy.

Şemşat HOŞY­ÝEWA,

TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly my­na­sy­bet­li Bä­her­den et­ra­by­nyň Arçman şä­her­çe­sin­dä­ki sport meý­dan­ça­da «Sport — eder­men­lik mek­de­bi» ady bi­len aý­dym-sazly sport çä­re­si ge­çi­ril­di. Bä­her­den et­rap Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň we et­rap sport we ýaş­lar sy­ýa­saty bö­lü­mi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len sport çä­re­sin­de et­ra­byň Me­de­ni­ýet öýü­niň «Sazly Bä­her­den» aý­dym-saz halk to­pa­ry öz­le­ri­niň hoş owaz­ly aý­dym­la­ry bi­len gö­wün­le­ri gö­ter­di. Şeý­le-de et­ra­byň kör­pe tür­gen­le­ri sport oýun­lary bi­len çy­kyş et­di­ler.

Aý­dym-saz­ly çä­rä­niň so­ňy sport ýa­ryş­lary bi­len ut­gaş­dy. On­da ta­pa­wut­la­nan ýaş­la­ra Bä­her­den et­rap Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýa­dygär­lik sow­gat­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şuryl­dy.

Arzygül AGA­ÝEWA,

TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Türk­men ýigi­di­niň we gy­zy­nyň ýü­re­gi el­my­da­ma jan Wata­nym Türk­me­nis­tan di­ýip ur­ma­ly­dyr. Wa­tan we halk di­ýen be­ýik hem-de gud­rat­ly söz­ler ýaş­la­ry­my­zyň dil­le­ri­niň se­na­sy, baş şy­ga­ry bolma­ly­dyr» di­ýen söz­le­rin­den ugur al­nyp, Murgap et­ra­by­nyň Aly­jy­lar jem­gy­ýe­tin­de zäh­met çek­ýän ýaş­la­ryň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat du­şuşy­gy ge­çi­ril­di. «Döw­let adam üçin­dir!» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ri­len wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­ny Mur­gap et­rap Ýaş­lar gu­ra­ma­sy TDP-niň et­rap ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de gu­ra­dy. Du­şu­şyk­da çy­kyş eden­ler ýur­du­myz­da ýaş­lar ba­ra­da­ky ala­da­nyň döw­let sy­ýa­sa­tyn­da ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gyny nyg­ta­dy­lar. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň äh­li ulgam­la­ryn­da ýaş­la­ryň zäh­met çek­mek­le­ri üçin oňyn şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

Ogulbibi SUWHANNAZAROWA,

TMÝG-niň Murgap etrap Geňeşiniň işgäri.

Ser­dar şä­her hä­kim­li­gi­niň, şä­he­riň jemgy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň gu­ra­ma­gyn­da «Kä­mil maş­ga­la, sag­dyn ne­sil» şy­ga­ry as­tyn­da wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Oňa il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar, edara-kärhanalarda zäh­met çek­ýän hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra oka­ma­ga gid­ýän ýaş­lar gatnaş­dy­lar. Ýaş­la­ryň ýa­ra­maz en­dik­ler­den daşda dur­mak­la­ry­ny ga­zan­mak, ola­ra ah­lak taý­dan aras­sa, päk ýü­rek­li bol­mak­lygy ün­demek, şeý­le-de maş­ga­la ag­zy­bir­li­gi­ni pug­talan­dyr­mak du­şu­şy­gyň esa­sy mak­sa­dy bol­dy. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­lar hal­kymy­zyň aba­dan dur­mu­şy, ýaş­la­ryň röw­şen gelje­gi ug­run­da uly iş­le­ri ama­la aşyr­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze köp sag­bol­sun aýt­dy­lar.

Serdar SUWHANOW,

TMÝG-niň Serdar şäher Geňeşiniň başlygy.

Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki 1-nji or­ta mek­depde bi­lim al­ýan okuw­çy­la­ryň ara­syn­da «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň rahat­ly­gy» ady bi­len köçe-ýol he­re­ke­ti­niň düzgün­le­ri bo­ýun­ça dü­şün­di­riş iş­le­ri ge­çi­ril­di. Da­şo­guz şä­her hä­kim­li­gi­niň, Da­şo­guz wela­ýat Baş bi­lim mü­dir­li­gi­niň, Da­şo­guz şä­her Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň we hu­kuk go­raý­jy edara­la­ry­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şy­ga mek­dep okuw­çy­la­ry uly hö­wes bi­len gat­naş­dy­lar. On­da çy­kyş eden­ler ýolulag ha­dy­sa­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň öňüni al­mak, köçe-ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry, ýoldan geç­me­giň düz­gün­le­ri we ýo­ly­şyk ba­ra­da okuw­çy­la­ra gi­ňiş­le­ýin dü­şün­je ber­di­ler.

Orazgeldi HEMRA­ÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

05.09.2019ý.

 

 

Öňki makala

BIRAÝLYGA BAGYŞLANDY

Indiki makala

BEÝIK IŞLERIŇ DIÝARY

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.