ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Hormatly Prezidentimiz nesilleriň fiziki hem ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýär. Büzmeýin etrap Ýaşlar guramasy hem bu ägirt işleriň düýp mazmunyny saglyk we beýleki ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlara düşündirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň 16-njy Saglyk öýünde wagyz-nesihat çäresini geçirdi. «Berkarar döwletiň kämil ýaşlary» diýlip atlandyrylan bu çärede sagdyn nesilleriň sagdyn jemgyýeti kemala getirýändigi, jemgyýetimizde ýaşlaryň orny dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Mäh­ri­je­mal ATA­ÝE­WA,

TMÝG-niň Büzmeýin etrap Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

Oguzhan etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Ýaşlar Siziň bilen, eziz Arkadag!» diýlip atlandyrylan duşuşyga etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan döwrebap özgertmeler, ylmy-barlag işlerini alyp barmaga döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda söhbet edildi.

Jennet ŞIRIÝEWA,

TMÝG-niň Oguz­han et­rap Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

Bagtyýar körpelerimiziň sungata bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen, Tejen etrap Ýaşlar guramasy etrabyň 7-nji çagalar bagynda «Ýaňlansyn elmydam çaga gülküsi» diýen at bilen aýdym-sazly dabara geçirdi. Turuwbaşdan körpeleriň mähriban Watanymyzyň ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleri, şadyýan körpelik dogrusyndaky aýdymlary bilen utgaşan dabara şatlyk -şowhuna beslendi. Şeýle-de dabaranyň dowamynda çagalaryň erkin temadan çeken şadyýan suratlary dabara gatnaşanlara täsirli pursatlary bagyş etdi.

Nurjemal MÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Tejen etrap Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

Gumdag şäher Ýaşlar guramasy bilen şäher Zenanlar guramasynyň, bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Gumdag şäherindäki 5-nji orta mekdepde okuwçy gyzlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Edep — ynsan bezegi» diýlip atlandyrylan bu çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyza goýulýan hormat, jemgyýetimizde ýaşlaryň tutýan orny, ene-mamalarymyzdan galan däpdessurlar hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyk arzuwlanyldy.

Nar­täç GAN­ÝOK­MA­ZO­WA,

TMÝG-niň Gum­dag şä­her Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 ― 2020 -nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda» köpçülikleýin bedenterbiýäni höweslendirmäge, ýaşlary sporta has-da işjeň çekmäge aýratyn üns berilýär. Şundan ugur alyp, Dänew etrap Ýaşlar guramasy etrabyň 7-nji sport mekdebinde ýaş türgenleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirdi. «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» diýlip atlandyrylan bu ýaryşda türgenler woleýbol, küşt, düzzüm boýunça özara bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen ýaryş köpleriň ünsüni çekdi. Ýeňijiler etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Seýýara RO­ZY­BA­ÝE­WA ,

TMÝG-niň Dä­new et­rap Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Ýaşlar guramasy etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen bu çäre «Arkadagymyz bilen diňe öňe, Watanym!» diýlip atlandyryldy. Ýurdumyzda ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladalar, häzirki zaman tehnologiýalarynyň orny, ýaşlaryň ösen tilsimatlardan baş çykaryp bilmek ukyplarynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň il-halkymyz, döwletimiz üçin alyp barýan beýik işleri ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

Ta­hyr TIR­KE­ŞOW,

TMÝG-niň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy et­rap Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

“Nesil” gazeti,

14.11.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.