Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, bilim-terbiýeli, ruhubelent, milli däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýän ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan ugur alnyp, zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna we aň-düşünje taýdan kemala gelmegine ýakyndan ýardam berilýär. Ýurdumyzda çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetinden, medeniýetinden, jemgyýetçilik, durmuş ugurlaryndan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde giň şertler döredilýär.
Öňňin Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçen baýramçylyk duşuşygy şeýle asylly işleriň durmuşa düýpli ornaşdyrylýandygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Watanym — buýsanjym, halkym — guwanjym, eziz Arkadagym — köňül daýanjym» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşikde hormatly Prezidentimiziň üstümizdäki ýylyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden taryhy çykyşyndaky: «Halk» hem-de «Watan» diýen mukaddes sözler özboluşly sena ýaly utgaşykly gelip, ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň durmuş şygaryna öwrülmelidir» diýen ajaýyp sargydyndan ugur alyndy.
Ýaşlaryň döredijilik zehinlerini açmak we üstünliklere ruhlandyrmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni giňden wasp etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýaşlar özleriniň publisistik žanrynda taýýarlan makalalary bilen «Nesil» gazetiniň sahypalarynda yzygiderli çykyş etdiler. Publisistik makalalarda jemgyýet üçin bähbitli işleri taryplamaga, durmuşyň möhüm sosial meselelerini şöhlelendirmäge aýratyn ähmiýet berildi.
Netijede, bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 7-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Baýramçylyk duşuşygyna çagyrylan myhmanlaryň we ýeňiji bolan ýaşlaryň çykyşlary uly buýsanja beslendi. Olar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlara aýratyn ähmiýet berlip, olaryň zehinlerini açyp görkezmekde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Dabaranyň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.
“Nesil” gazeti,
05.12.2019ý.