Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiniň, Baş prokuraturasynyň, Adalat ministrliginiň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülletmek ugrunda amala aşyrýan beýik başlangyçlary, şeýle hem häzirki wagtda kanun çykaryjy edaralar tarapyndan alnyp barylýan işler dogrusynda bellenildi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, kanunçylygy kämilleşdirmek barada netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Buýsançly çykyşlara beslenen maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy. Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
30.01.2020ý.