ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Her ýylda däp bolşy ýaly, orta mekdeplerde bilim alýan 1-4-nji synp okuwçy gyzjagazlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň yglan edýän «Iň eýjejik gyzjagaz ― 2020» atly bäsleşiginiň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde çykyş eden körpeje gyzjagazlar sahnada ýurdumyzyň ösüşini, eziz Watanymyzy, milli egin-eşiklerimizi wasp edýän goşgy setirleri, şeýle-de dürli aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Baýrakly orun alanlar Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Miwesoltan JUMAÝEWA,

TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Tejen şäher Ýaşlar guramasynyň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda şäheriň 1-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Edep ― terbiýeden başlanýar» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda il sylagly ýaşulular, halypa mugallymlar çykyş edip, halkymyzyň milli ýörelgeleri, gymmatlyklary, däp-dessurlary, edim-gylymlary hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Mekdep okuwçylary nusgawy şahyrlarymyzyň edep-terbiýe, ahlak kadalary bilen baglanyşykly goşgularyny okadylar, şirin aýdymlary ýerine ýetirdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.

Kakamyrat NURBERDIÝEW,

TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dürli ugurlardaky ösüşlerini has-da ilerletmek, kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şundan ugur alnyp, Baýramaly etrap prokuraturasynyň, etrap Polisiýa bölüminiň we etrap Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa mekdebiň ýokary synp okuwçylary bilen bir hatarda, il sylagly ýaşulular, dürli ugurlardan wekiller gatnaşdylar. «Kanun we jemgyýet» diýlip atlandyrylan bu duşuşykda çykyş edenler milli Liderimiziň öňe süren taryhy başlangyçlary esasynda dörediljek iki palataly Parlament ulgamy ýurdumyzyň raýatlarynyň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň mundan beýläk-de giňelmegine ähli mümkinçilikleri döreder diýip, belläp geçdiler.

Maksat KERIMOW,

TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Gurbansoltan eje adyndaky etrap Ýaşlar guramasynyň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Zehinli nesiller» ady bilen zehin bäsleşigi geçirildi. Etrabyň 54-nji orta mekdebinde geçirilen bu bäsleşige etrabyň mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Toparlar öz aralarynda okuw maksatnamasynyň dersleri boýunça zehin sowallaryna jogap berdiler, şeýle-de iňlis dili boýunça aýdym-sazly çykyşlary, çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler. Netijede, etrabyň 54-nji orta mekdebiniň topary 1-nji ýere, 64-nji we 9-njy orta mekdepleriň toparlary degişlilikde 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Kerwen ÖWEZGULYÝEW,

TMÝG-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Garaşsyz döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmak, döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kanunçylyk özgertmeleri amala aşyrylýar. Şundan ugur alnyp, Etrek etrap bilim bölüminiň mejlisler zalynda etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň, bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran bu duşuşygynda, hususan-da, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzda jemgyýetimiziň asudalygyny, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny mundan beýläk-de üpjün etmekde kanunçylyk özgertmelerini geçirmegiň zerurlygy dogrusynda durlup geçildi.

Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,

TMÝG-niň Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Saýat etrabyndaky 5-nji sport mekdebinde etrabyň ýokary synp okuwçy oglanlarynyň arasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guran bu ýaryşy «Altyn top» diýlip atlandyryldy. Çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orna etrabyň 23-nji orta mekdebiniň oglanlar topary mynasyp boldy. Şeýle hem 2-nji we 3-nji orunlary degişlilikde etrabyň 30-njy, 24-nji orta mekdepleriniň oglanlar toparlary eýelemegi başardylar. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Nursoltan MAKSUDOWA,

TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

22.02.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.