ÇAGALAR SURAT ÇEKMEKDE BÄSLEŞDILER

Lebap welaýatynyň Farap  etrabyndaky 15-nji «Şöhle» çagalar bagynda terbiýelenýän uly topar çagalaryň arasynda etrap Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige TMÝG-niň etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni D.Rozykulyýewa, 15-nji «Şöhle» çagalar bagynyň uly toparynyň terbiýeçisi G.Hamdamowa gatnaşyp, çagalaryň surat çekişine syn edip baha berdiler. Bäsleşige gatnaşan çagalar öz başarnyklaryny görkezip, dürli görnüşdäki suratlaryň onlarçasyny çekdiler. Olaryň çeken suratlarynyň aglabasy çaga durmuşyndan söz açýar. Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Indiki makala

SAGLYK BAŞ BAÝLYK

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.