ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Farap etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde «Sagdyn ýaşlar — Watanymyzyň geljegi» ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guran bu ýaryşynda sport mekdebiniň okuwçy oglanlaryndan düzülen toparlar özara bäsleşdiler. Bäsleşik çekeleşikli geçdi, ýeňiji bolan «Agzybirlik» toparynyň ýaş türgenleri Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Maral KLYÇEWA,

TMÝG-niň Farap etrap Geňeşiniň işgäri.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Büzmeýin etrap Ýaşlar guramasy etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Kämil kanunçylyk — berk binýadymyz» ady bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Paýtagtymyzdaky Janly tebigatyň milli muzeýiniň mejlisler jaýynda geçirilen duşuşyga etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, adalata, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyna esaslanýan kämil kanunçylygymyz ýurdumyzyň ygtybarly ösüşleriniň berk binýadydyr.

Miwesoltan JUMAÝEWA,

TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen, Serhetabat etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek üstünligiň açarydyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrapdaky 7-nji orta mekdepde geçirilen duşuşyga orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyş edenler ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagynyň beden hem ruhy taýdan kämillige ýetmeginde örän möhüm orun tutýandygyny nygtadylar.

Maksat TÄÇMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Serhetabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Nesillerimizi milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda guraýan «El hünäri — il gezer» atly bäsleşiginiň Gumdag şäher tapgyry geçirildi. Şäheriň 5-nji orta mekdebinde geçirilen bäsleşige orta mekdeplerden düzülen okuwçylar toparlary gatnaşdylar. Netijede, şäherdäki 6-njy orta mekdebiň okuwçylar topary ýeňiji bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Nartäç GANÝOKMAZOWA,

TMÝG-niň Gumdag şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Akdepe etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Sagdyn we bagtyýar durmuş — rowaç ýollarymyzyň dowamy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginde geçirilen duşuşyga etrabyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ýaş hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri, ýaşlaryň jemgyýetdäki orny dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Jemal ESENOWA,

TMÝG-niň Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Baýramaly şäher Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan ýaryş turuwbaşdan gyzgalaňly häsiýete eýe boldy we 1-nji ýyl talyplardan düzülen topar ýaryşda ýeňiji bolmagy başardy. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sona KARAÝEWA,

TMÝG-niň Baýramaly şäher Geňeşiniň işgäri.

Kaka etrap häkimliginde «Sagdyn ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan çärä etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda bagtyýarlyk döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagyň ähmiýeti, sport bilen meşgullanmagyň aýratynlyklary, dürli ýaramaz endiklerden daşda durmagyň ynsan üçin peýdasy dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

09.04.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.