ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran dabarasy «Iň täsin, iň tämiz behişdi bedew» diýlip atlandyryldy. Dabara Aşgabat şäher häkimliginiň 8-nji orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Ýerine ýetirilen şirin aýdym-sazlar, edebi çykyşlar dabara ruhubelentlik, joşgun çaýdy.

Sülgün ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Köpetdag etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Baýramaly etrabyndaky 1-nji orta mekdepde «Ruhubelentlik sagdynlykdan başlanýar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran duşuşygyna dürli ugurlarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, sagdyn nesliň kemala gelmegi jemgyýetiň sagdynlygyny şertlendirýär. Hut şonuň üçin her bir adamyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagy mukaddes borçdur.

Göwher HOJANYÝAZOWA,

TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň öňe süren sagdyn durmuş ýörelgeleri barha rowaçlanýar. Şundan ugur alyp, Babadaýhan etrap Ýaşlar guramasy etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrapdaky 12-nji orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. «Berkarar Watanymyzyň geljegi ýaşlar» ady bilen geçirilen duşuşyga ýaşuly nesliň wekilleri, halypa mugallymlar we mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Täsirli geçen duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgeleri babatda giňişleýin gürrüň edildi.

Baýramdurdy AMANMYRADOW,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Bereket etrabyndaky 5-nji orta mekdepde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — Arkadagyň göreldesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran duşuşygyna mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamak, jemgyýete peýdaly işler bilen meşgullanyp, durmuşda öz ornuňy tapmak iň uly bagtdyr.

Baýramgül SARAÝEWA,

TMÝG-niň Bereket etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, dürli ugurlar boýunça bäsleşikler, sergiler, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Şundan ugur alyp, Kerki etrap Ýaşlar guramasy etrap bilim bölümi bilen bilelikde «Ýaş fizikler» ady bilen zehin bäsleşigini gurady. Etrapdaky 5-nji orta mekdepde geçirilen bu bäsleşige etrabyň orta mekdeplerinde okaýan zehinli ýokary synp okuwçylary gatnaşyp, fizika bilen baglanyşykly gyzykly meseleleri çözdüler, tejribeleri geçirdiler. Täsirli geçen bäsleşikde etrapdaky 5-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Şirin Atajanowa 1-nji orna mynasyp boldy.

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Aşgabat şäherindäki 109-njy orta mekdepde «Sagdyn durmuş ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Büzmeýin etrap Ýaşlar guramasynyň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýi bilen bilelikde guran bu duşuşygyna ýaşuly nesliň wekilleri, lukmanlar hem-de ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, her bir adam öz saglygy hakda yzygiderli aladalanmalydyr we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidir.

Atajik DURDYMYRADOW,

TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.

Ýaş nesillerimiziň kämil ylym-bilim almaklary üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly aladalar edilýär. Şundan ugur alyp, Wekilbazar etrap Ýaşlar guramasy etrap bilim bölümi bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Etrapdaky 38-nji orta mekdepde geçirilen duşuşyk «Bagtyýar nesiller — Watanymyzyň geljegi» diýlip atlandyryldy. Oňa etrabyň bilim edaralarynda we jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda bagtyýarlyk döwrümiziň bedew batly ösüşleri, ýaş nesillerimiz üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Güljan ŞABASANOWA,

TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň 94-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda «Gözellik edebi, ahlak arassalygy türkmen gyz-gelinlerini bezeýän sypatlardyr» ady bilen dabara geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran bu dabarasynda okuwçy gyzlar gyz edebi, gözellik, ahlak arassalygy bilen bagly aýdym-sazlary, edebi çykyşlary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda türkmen zenanlarynyň milli taryhymyzdaky keşpleri dogrusynda sowal-jogap alşyldy.

Mährijemal TOÝMEDOWA,

TMÝG-niň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

25.04.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9752 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9329 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10348 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.