Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.
ÝAŞ ZEHINLERIŇ YLMY DÖREDIJILIKLERI BOLSA ONUŇ ÝAŞAJYK PUDAKLARYDYR
Daragt köküni topraga örkläp, daş-töweregine saýa salýar. Onuň saýasynda ençeme ýaşajyk nahallar ösýärler, dal daragt bolýarlar. Ussat Keminäniň: «Ylym bir daragtdyr» diýşi ýaly, ylym dünýäsi hem daragta çalymdaş. Ozalky bar bolan maglumatlar, pikirler seljerilýär, deňeşdirilýär, degşirilýär, netijede, täzeçe bir garaýyş ýüze çykarylýar, pikir öňe sürülýär. Köki bir daragtyň şahalary ýaýraw alyp, gerimi giňeýär. Edil daragt ýaly ylym hem gerimi giňedigiçe ösýär, kämilleşýär. Häzirki maglumatlar jemgyýetini şertlendirýän kämil tehnologiýalar, ösen innowasiýalar adamzat aňynyň, ylmynyň ýeten belent sepgididir.
Hormatly Prezidentimiz: «Binýat berk bolanda, bina baky bolýar. Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiz, başyny başlan giň gerimli işlerimiz beýik bir bina bolsa, ylym onuň müdimi mizemez binýady bolmalydyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Şu nukdaýnazardan seretsek, ylmy binýadyň berkligini gazanmak, ylmy gözlegleri yzygiderli dowam etdirmek, netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ylmyň gazananlaryny nesillere ýetirmek, olary ylma höweslendirmek, çekmek möhüm wezipe bolup durýar. Hut şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Kararyna laýyklykda, her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi geçirýär.
Baharyň şu ajaýyp günlerinde bu bäsleşik tapgyrlaýyn esasda dowam edýär. Ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, ýokary, orta hünär we orta mekdeplerinde okaýan zehinli, ylma höwesli ýaşlaryň ençemesi öz ylmy işlerini ýörite seljeriş toparyna hödürleýärler.
Biz hem hormatly Prezidentimiziň ylmy-innowasion özgertmeler syýasatynyň amala aşyrylyşy, ylma höwesli ýaş zehinleri ýüze çykarmakda alnyp barylýan işler, hususan-da, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bu bäsleşik dogrusynda pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat KERIÝEW, bäsleşigiň maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary ugry boýunça seljeriş toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Azat ATAÝEW bilen gürrüňdeş bolduk.
— Danalaryň biriniň: «Akyly aň-bilim, ylym bilen baýlaşdyrsaň, tarp ýere ýagyş ýaganda bolşy ýaly, ol jana gelip, ösüp başlaýar» diýen pähimi bar. Şundan görnüşi ýaly, aň-bilimi, uly ylmy gözlegleri kemala getirmek üçin eýýäm ýaşlykdan meşgullanyp başlamaly. Bu ugurda bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş zehinleri ylym dünýäsine aralaşdyrmak üçin dürli ylmy bäsleşikler, ders bäsleşikleri, taslama bäsleşikleri geçirilýär. Munda Ýaşlar guramasynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki ylym ojaklarynyň mynasyp paýy bar. Gürrüňimizi şular dogrusynda başlaýalyň!
Ýazpolat KERIÝEW:
— Häzirki maglumatlar jemgyýetindäki ylmy-tehniki özgerişler ýyldyrym çaltlygyna deňelýär. Onuňam sebäbi ylmyň ähli pudaklaryna tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, degişli ylmy ugruň innowatikasynyň kemala getirilmegidir. Islendik ýurduň gazanýan üstünliginiň, öňegidişliginiň ylma baglydygy bolsa jedelsizdir. Şu babatda döwletiň geljekki ygtybarly ösüşini üpjün etmek üçin ylym dünýäsine ýaşlary çekmek ilkinji nobatdaky zerurlyk bolup durýar. Bu hakda hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar biziň geljegimizdir. Döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň tagallasy ýaş nesilleriň ylmy döredijilik başarnyklaryny giňden goldap, has zehinli ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berip, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegine gönükdirilmelidir» diýip, örän jaýdar belleýär. Biz hem milli Liderimiziň aýdanlaryndan ugur alyp, Ylymlar akademiýasy, ýokary okuw mekdepleri bilen degişli işleri alyp barýarys.
Azat ATAÝEW:
— Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda öz Düzgünnamasy esasynda Ýaş alymlar merkezi, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň geňeşi döredildi. Ylma höwesli ýaşlarymyzyň ençemesi bu ýerde halypa mugallymlaryň, alymlaryň ýolbaşçylygynda öz gyzyklanýan, oňat baş çykarýan hünär ugurlary boýunça belli bir temany saýlap alýarlar. Şol tema degişli maglumatlary, edebiýatlary toplaýarlar, öwrenýärler, özleşdirýärler. Öz öňe sürýän pikirlerini delillendirmek üçin ylmy merkezlerdäki dürli laboratoriýalarda ylmy-barlaglary geçirýärler. Ýaş alymlarymyzy ýurt we halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, forumlara, ylmy bäsleşiklere taýýarlaýarys. Bu, birinjiden, olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine ýardam etse, ikinjiden, öz temalaryny çuňňur, töwerekleýin öwrenmeklerine, anyk ylmy garaýyşlary kemala getirmeklerine ýardam edýär.
— Şeýle bäsleşikleriň biri hem ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän şu bäsleşik bolup durýar. Bäsleşigiň geçiriliş aýratynlygy nähili?
Ýazpolat KERIÝEW:
— Ilki bilen bellemeli zat, bu bäsleşige diňe bir ýokary okuw mekdepleriniň talyplary däl-de, eýsem, Ýaşlar guramamyzyň agzasy bolan 30-a çenli ýaşdaky dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän, gulluk edýän ýa-da wagtlaýyn işlemeýän ýaşlar, mekdep okuwçylary hem gatnaşyp bilýärler. Bäsleşigiň ýörite Düzgünnamasy bolup, ol metbugatda çap edilýär. Şoňa laýyklykda, hödürlenen işleriň talabalaýyklygy, wajyplygy degişli Alymlar geňeşi tarapyndan seljerilýär. Şondan soň, bäsleşige gatnaşyjy seljeriş toparynda öz işini gorap çykyş edýär. Seljeriş toparynda degişli ugurlar boýunça görnükli alymlarymyz, professor-mugallymlarymyz işlere mynasyp baha berýärler.
— Ylmy işi ýerine ýetirmek üçin zehin bilen bir hatarda, örän güýçli işeňňirligiň, ýadawsyz zähmetiň gerekdigi aýdylýar. Ýaşlarda ylmy işeňňirligi, döredijilik başarnyklaryny terbiýelemekde nähili işler alnyp barylýar?
Azat ATAÝEW:
Ýaş alymlar merkezinde, Ýaş alymlar geňeşlerinde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halypa-şägirtlik ýörelgelerine laýyklykda, talyplara ylmy barlaglary alyp barmagyň esaslary, usullary öwredilýär. Degişli ugurlardan uly ylmy işleri alyp barýan görnükli alymlar bilen ýaşlaryň duşuşygyny, pikir alyşmalaryny guraýarys. Şeýle hem ýaş alymlaryň pikirlerini erkin beýan etmeklerini kämilleşdirmek maksady bilen, teleradioýaýlymlarda ýörite gepleşikler, tegelek stollar guralýar. Belli rus ýazyjysy Lew Tolstoý: «Ähli zatlar pikirde jemlenýär. Pikiriňe erk etmegi başarmaly. Onuň üçinem hemişe pikirleriňi kämilleşdirmegiň üstünde işle!» diýýär. Bu ylym adamsy üçin ilkinji hem esasy zerurlyk bolup durýar. Şonuň üçin ýaşlaryň öz hususy garaýyşlaryny esaslandyrmagy, delillendirmegi başarmak endiklerini kemala getirmekleri üçin gazet-žurnallarda, ýagny metbugatda çykyş etmäge hem ugrukdyrýarys.
— Hormatly Prezidentimiz sanlylaşdyrmak konsepsiýasynda we ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ylmy esasda doly özleşdirilip, öz wagtynda amala aşyrylmalydygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda ylmy işler boýunça geçirilýän bu gezekki bäsleşige gelen işleriň tematiki gerimi hakynda nämeleri aýdyp bolar?
Azat ATAÝEW:
— Dogry bellediňiz. Sanly tehnologiýalar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlaryna yzygiderli ornaşdyrylýar, maglumatlary beýan etmegiň adaty görnüşinden elektron görnüşine geçilýär. Munda bökdençlikleriň ýüze çykmazlygy, işleriň özakymlaýyn ösmegi üçin şol tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenler gerek. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, bu gezekki bäsleşige gelen ylmy işleriň tematiki gerimi örän giň we tutumly. Mysal hökmünde ýüzlensek, ykdysadyýetiň, maglumat we aragatnaşyk ulgamlarynyň, bilim berlişiniň dürli düzüm böleklerine, ýagny telegörkezişe, gämi gatnawlaryna, elektroenergetika... tehnologiýalary ornaşdyrmagyň artykmaçlyklary bilen bagly işler bar. Nesip bolsa, seljeriş toparymyzyň agzalary bilen maslahatlaşyp, bu ylmy işleriň mynasyplaryny saýlap alarys.
— Dünýä meşhur alymlaryň biriniň: «Ilkibaşdan ylmyň çür depesine çykjak bolman, onuň ýönekeý zatlaryny öwreniň. Öňdäkini öwrenmän, yzyna dyzajak bolmaň. Ylymda azap çekmäge endik ediň!» diýen ajaýyp sözleri bar. Ylym ýolunyň ilkinji ädimlerini äden bäsleşige gatnaşyjy ýaş zehinlere-de şony arzuw edäýmek galýar!
Ýazpolat KERIÝEW:
— Elbetde. Ylym älemine aralaşan ýaş zehinlerimiziň ylmy gözlegleriniň dowamly, saldamly bolmagyny, arzyly menzillere ýetmeklerini arzuwlaýarys. Bularyň ählisiniň gözbaşynda «Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys» diýýän hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň durandygyny bellemelidiris.
Umuman, biziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyz geljekde hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, degişli bilim, ylym ojaklary bilen bilelikde olary ylmyň dürli ugurlaryna gözükdirmekde işleri mynasyp dowam etdirer.
— Ýurdumyzda amala aşyrylýan ylmy-innowasion özgertmelere ýaşlary çekmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň etdik. Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşik dogrusynda pikir alyşdyk. Size-de ýaş zehinleri ýüze çykarmakda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýäris!
Azat HANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 4-nji ýyl talyby:
— Internet ulgamynyň kämilleşmegi bilen sanlyja sekundyň dowamynda dünýäniň islendik nokadyndaky täzeligi bilmäge, maglumaty almaga giň mümkinçilik döredi. Bu tehnologiki ösüş adamzat aňynyň gazanan uly ylmy-tehniki ösüşine öz täsirini ýetirdi. Men hem halypa mugallymlarym bilen maslahatlaşyp, öz hünär ugrum boýunça «Hemra aragatnaşygyny ulanmak arkaly gämileriň losman geçirilişiniň awtomatiki usuly» diýen tema boýunça ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşige gatnaşýaryn.
Bilşimiz ýaly, gämileriň losman geçirilişi gämileriň ýüzüş howpsuzlygyny üpjün etmek, olaryň howply hadysalara düşmeginiň öňüni almak we daşky gurşawy gorap saklamak maksatlaryny öz içine alýar. Bu işde hemra aragatnaşygy arkaly awtomatiki usuly ulanmak örän ygtybarly bolup durýar, ýagny gäminiň ugran ýerinden barmaly nokady aralygyndaky hereketine dolandyryş merkezden gözegçilik edip bilýäris.
Biz — ýaşlaryň iň täze, ösen tehnologiýalardan baş çykarmagymyz, bu ugurda halypalarymyzyň ýolbaşçylygynda ylmy-barlag işlerini alyp barmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary mundan buýana-da rowaçlyklara beslensin!
Gülşat GURBANDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby:
— Mälim bolşy ýaly, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli ykdysady ulgamymyza öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmegi, maglumatlaryň täze çeşmeleriniň peýda bolmagy hem-de dessin we ýokary hilli statistika maglumatlaryna zerurlyk häzirki wagtda esasy öňde durýan meseledir. Bu hakynda hormatly Prezidentimiz: «Bu gün ýurdumyz täze tehnologik ösüşe — dördünji senagat öwrülişigine tarap ilerlemek bilen, ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döredip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy ulgamlary ornaşdyrýar hem-de şolary sanly ulgama geçirýär» diýip, örän jaýdar belleýär. Men hem geljekki ykdysatçy hökmünde şu zerurlykdan ugur alyp, «Ykdysady meseleleri çözmekde kibernetiki çemeleşmegiň mümkinçilikleri» diýen temanyň üstünde işläp, ylmy bäsleşige gatnaşýaryn. Işimde, esasan, «Bigdata» tehnologiýasy arkaly dürli ykdysady meseleleriň çözülişini ýeňilleşdirmegiň usullaryny, şeýle hem optimal çözgüdi tapmagy maksat edip goýdum. Bu tehnologiýa degişli ugurda wagty tygşytlamaga, ýokary zähmet öndürijiligini gazanmaga mümkinçilik berer.
Laçyn GYLYÇMUHAMMEDOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby:
— Ýaş aýratynlyklaryna garamazdan, eýýäm dünýä akyl ýetirip başlan pursadymyzdan matematikanyň durmuşymyz üçin näderejede zerurdygyna göz ýetirýäris. Hut şonuň üçin hem eýýäm çagalar baglaryndan başlap, matematika okadylyp başlanýar, orta mekdebiň başlangyç synplarynda dürli arifmetiki amallar ýerine ýetirilýär, meseleler çözülýär. Şu döwürde mugallym matematikanyň özenini okuwçynyň aňynda düýpli ornaşdyrmak üçin okatmagyň birnäçe usullaryndan peýdalanýar. Men hem geljekki mugallym hökmünde başlangyç synplarda matematikany okatmagyň dünýä tejribesi bilen yzygiderli gyzyklanýaryn. Şol gyzyklanmalarymyň netijesinde, mugallymlarymyň halypalygynda okatmagyň dünýä tejribesinde giňden ulanylýan «Drihle usulyny» çuňdan öwrendim we milli okadyş usulyýetimize laýyklykda ylmy iş hökmünde tema edip aldym. Belläp geçsek, L.Drihle ylmy jemgyýetçilikde «inkär edilmesiz matematikanyň patyşasy» diýen belent ada mynasyp bolan görnükli nemes matematigidir. Başlangyç synp okuwçylaryna meseleleri çözmegi Drihläniň usuly boýunça öwretmek, birinjiden, wagty tygşytlaýar, ikinjiden, meseleleriň çözgüdi sada usullar bilen tapylansoň, okuwçy temany tiz özleşdirýär. Wagty tygşytly peýdalanyp, gysga wagtda köp zady oňat öwredip bilmek bolsa mugallymçylyk işinde örän möhümdir.
Begli GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 4-nji ýyl harby talyby:
— Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýaş Watan goragçylarynyň halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan azym-azym ärlerimiz Alp Arslanyň, Soltan Sanjaryň, Jelaleddin Meňburnuň mertlik mekdebinde, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Men hem ýaş Watan goragçysy hökmünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň uly ylmy işgäri, himiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbanguly Aýtkulyýewiň ýolbaşçylygynda «Türkmen milli ýaragy bolan gylyjyň artykmaçlyklarynyň matematik hasaplamasy» diýen tema bilen ylmy bäsleşige gatnaşýaryn. Işimiziň esasy maksady ýaş Watan goragçylaryna türkmen milli gylyjynyň aýratynlyklaryny düşündirmekden, wagyz etmekden, gylyç ýasamakda ulanylan poladyň himiki düzümini kesgitlemekden, artykmaçlyklarynyň matematiki hasaplamasyny ýerine ýetirmekden ybarat. Bilşimiz ýaly, gylyç geçmişde türkmeniň esasy ýaragy bolup, ol polatdan ýasalan, az-kem egreldilen, ýasy tygly ýaragdyr. Şeýle hem «Sishart» programmasy arkaly türkmen milli gylyjynyň şol artykmaçlaryny düşündirýän ýörite programma taýýarladym.
Biz — Watan goragçylaryna şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby,
“Nesil” gazeti,
28.04.2020ý.