DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Şu gün gözel paýtagtymyzdaky 132-nji orta mekdepde Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän mekdepleriniň 10-njy synp okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, şeýle-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçen bu bäsleşik «Milli mirasymyz – egsilmez baýlygymyz» atly şygar astynda guraldy.

Bäsleşigiň maksady ýaşlarymyzy döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, ýokary medeniýetli, zähmetsöýer, watansöýüji, milli mirasymyza sarpa goýýan, döredijilikli zähmet çekmäge ukyply nesil edip ýetişdirmekden, okuwçy gyzlarda türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekden, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň nusgalaryny, däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmekden we olary milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek bilen meşgullanmaklyga işjeň çekmekden ybarat boldy.

Üç şertden ybarat bolan bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda oňa gatnaşyjy gyzlar türkmen halkyna mahsus salamlaşyk edebini ýerine ýetirdiler. Ikinji şertinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» köp jiltli kitabynda ýerleşdirilen dermanlyk ösümliklerinden üzärlik, dagdan, sazak ýaly ösümlikleriň türkmen milli düşünjesindäki orny, ynsan saglygyna peýdasy, bu ösümlikler bilen bagly däp-dessurlar, yrym-ynançlar dogrusynda çeper beýan etdiler. Bäsleşigiň ahyrky şertinde bäsleşýän toparlar «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň nyşanyny ini we boýy 42 sm ölçegde bolan el işiniň kanwa görnüşinde ýerine ýetirdiler.

Turuwbaşdan çekeleşikli geçen bäsleşik diýseň täsirli geçip, netijede baş baýraga Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň gyzlar topary, birinji orna 132-nji orta mekdebiniň gyzlar topary, ikinji orna 99-njy orta mekdebiniň gyzlar topary, baýrakly üçünji orna bolsa 24-nji orta mekdebiniň gyzlar topary mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşan okuwçy gyzlara ony guraýjylar tarapyndan hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Begmuhammet MEREDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.