“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli medeniýetini, halkymyzyň däp-dessurlaryny gorap saklamak we ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň kämil nusgalaryny giňden öwrenmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, 2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň uly konsert zalynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýokary, ýörite orta sazçylyk we sungat okuw mekdepleriniň talyplarynyň, çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň, şeýle-de professional saz bilimi bolan wokal aýdymçylarynyň arasynda hor, wokal we kompozisiýa ugurlary boýunça geçirilen “Parahatlyk dünýäsi” atly festiwal-bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýokary derejede geçirildi. Onuň dowamynda bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň emin agzalarynyň gelen netijeleri esasynda Wokal ugry boýunça: 1-nji topar - 18-25 ýaş aralygyndaky ýaşlar bolup, 1-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Orkestr saz gurallary” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Leýli Mämmedowa, 2-nji orna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Dünýägözel Begaliýewa, 3-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy” fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýjahan Saparowa, Wokal ugry boýunça 2-nji topar 26-35 ýaş aralygy bolup, 1-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy” fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Tylla Saryýewa, 2-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymy Arzygül Gylyjowa, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy Agajan Genjimow, 3-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kamera ansambly” kafedrasynyň mugallymy Maýa Orazberiýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymy Begenç Moşiýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet horunyň wokal boýunça inspektory Gurbanmyrat Zamanow, Hor ugry boýunça 1-nji topar çagalar sungat mekdepleri bolup, 1-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň hor toparlary, 2-nji orna Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň hor toparlary, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň we Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň hor toparlary, Hor ugry boýunça 2-nji topar ýörite sazçylyk we sungat mekdepleri bolup, 1-nji orna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor topary, 2-nji orna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor topary, 3-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hor topary, Kompozisiýa boýunça 1-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Alişer Bazarow, 2-nji oran Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýrammyrat Tagandurdyýew, 3-nji orna bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ýazgeldi Gulanow eýe bolmagy başardylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar özleri üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.