Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebinde «Sagdyn ýaşlar — kämil jemgyýet» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran duşuşygyna halypa mugallymlar, mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, biziň her birimiz ýaramaz endiklerden daşda durmalydyrys. Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerip, halal zähmetimiz bilen jemgyýetimiziň ösüşine öz mynasyp goşandymyzy goşup ýaşamalydyrys.
Amanmyrat AMANMYRADOW,
TMÝG-niň Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Serhetabatetrapgaz» gaz hojalyk edarasynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Serhetabat etrap Ýaşlar guramasynyň etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde geçiren bu ýaryşy «Sport we ýaşlar» diýlip atlandyryldy. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijilere Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Serdar BABAJANOW,
TMÝG-niň Serhetabat etrap Geňeşiniň başlygy.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Sagdyn ýaşlar — bagtyýar geljek» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen geçirilen çäre şäher Ýaşlar guramasy we şäheriň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşan bu çäresinde ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly endiklere — sport bilen meşgullanmaga, kitap okamaga gönükdirmelidikleri aýratyn nygtaldy. Bular dogrusynda sowal-jogap alşyldy.
Mustafa DURDYÝEW,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň başlygy.
Yzygiderli sport bilen meşgullanmak bedenimizi taplaýar, pikirlenmek ukybymyzy ösdürýär. Şundan ugur alnyp, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýereliň!» ady bilen geçirilen duşuşyga «Türkmendemirýollary» agentliginiň düzüminde zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar.
Bägül DURDYÝEWA,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň esasy hünärmeni.
«Milli miras sarpalydyr Arkadagly Watanymda» ady bilen Kerki etrap Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran bu gezelenjine etrapdaky 2-nji orta mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Okuwçylar milli egin-eşiklerimiz, şeýle hem halkymyzyň baý geçmiş mirasyny şöhlelendirýän birnäçe gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Gezelenjiň dowamynda okuwçylar muzeýiň hünärmenleri bilen özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sowal-jogap alyşdylar.
Oýdin AŞIROWA,
TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşliginiň Medeniýet öýünde «Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýereliň!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran duşuşygyna il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ynsan saglygyny goramak ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan işler, sagdyn iýmitlenmegiň, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Ýolöten etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Görogly etrabynyň Medeniýet öýünde «Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sagdyn ýaşalyň!» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap häkimligi bilen bilelikde guran bu çäresine hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle hem etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler ýaramaz endiklerden daşda durmak, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, onuň ynsan saglygy üçin ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
06.06.2020ý.