Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk möhüm ähmiýetli umumymilli çäre hökmünde giň gerim bilen geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň 5-6-njy synplarda bilim alýan okuwçylaryndan düzülen, her biri 5 okuwçydan ybarat bolan mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda «Ýol hereketi barada umumy düşünje. Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» atly geçirilen bäsleşik işjeň häsiýete eýe boldy.
Düzgünnama laýyklykda iki tapgyrda geçirilen bäsleşikde okuwçylar her biri iki soragdan ybarat bolan eminler tarapyndan taýýarlanan soraga ýörite niýetlenen görkezme esbaplary ulanyp jogap berdiler hem-de her topardan bäsleşige gatnaşýan iki okuwçy Çagalar awtoşäherçesiniň ýörite meýdançasynda dört tigirli welosipedleri Ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryna laýyklykda dolandyrmagy başarýandyklaryny amaly-tejribe usulda görkezdiler.
Geçirilen bäsleşik mekdep okuwçylaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini kämilleşdirmekde, ýol hereketiniň kadalaryny, pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlaryny, ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny gazanmakda hem-de köçelerde, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemekde özüniň oňyn täsirini ýetirdi.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler tarapyndan gelinen netijä görä paýtagtymyzyň 80-nji orta mekdebiniň topary Baş baýraga eýe boldy. Birinji orna Aşgabat şäheriniň 33-nji orta mekdebiniň topary, ikinji we üçünji orunlara 48-nji hem-de 58-nji orta mekdepleriniň toparlary mynasyp boldular.
Baýrakly orunlara we işjeň gatnaşyp üstünlikli çykyş eden mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.