Dünýäde ýüze çykan häzirki çylşyrymly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynda aýratyn orun eýeleýän «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» diýen ýörelgesinden ugur almak bilen bu wajyp wezipäni üstünlikli çözmek üçin döredilen şertleri netijeli peýdalanmak esasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlary berk bedenli, sagdyn ruhly nesiller hökmünde kemala getirmäge, şonuň bilen birlikde dünýäniň dürli sebitlerinde uly kynçylyklary döredýän ýokanjyň biziň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak babatda netijeli işleri alyp barýar. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyndan hem-de dünýäniň häzirki epidemiologiki ýagdaýyny nazara alyp, öňüni alyş çäreleriniň talaplaryny talyp ýaşlar tarapyndan doly we dogry berjaý edilişini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýörite tassyklanan meýilnama esasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri ýurdumyzyň başlangyç hünär, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň bilim ojaklaryna baryp, olaryň arasynda wagyz - nesihat çärelerini geçirdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.