AŞGABAT DÖWREBAP ÖSDÜRILÝÄR

Ýurdumyzda Ylymlar gününiň giňden bellenmegi toýly günleriň ýene-de bir sanyny artdyrdy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň geçiren maslahaty bolsa ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabady ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy. Paýtagtymyzyň häkimliginde geçirilen bu maslahata Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryňhem-de Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Aşgabat şäherini mundan buýana hem ösdürmegiň, abadanlaşdyrmagyň hem-de ony talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklamagyň meseleleri girizildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz çykyş edip, paýtagt şäherimizi ösdürmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin durup geçdi. Soňky ýyllarda Aşgabady ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Gurluşyk meýdançasyna öwrülen şäherimiz täze, döwrebap, mermer binalary bilen has görkli görünýär. Bu ýerde tapgyrlaýyn esasda gurulýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlary halkyň asuda, parahat ýaşamagyna oňaýly täsir edýär. Aýratyn-da çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, muzeýleriň, hassahanalaryň, sport desgalarynyň, söwda merkezleriniň köpçülikleýin bina edilmegi ýurduň güýç-gurbatyny aýan edýär. Binagärlik tarapdan özboluşly görnüşe eýe bolan şeýle binalaryň köpüsi dünýä ýüzündäki täsinlikleri özünde jemleýän Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Aşgabat şäheriniň özi hem Ýer ýüzünde ak mermere beslenen binalaryň has köpdügi üçin bu kitabyň sahypalarynda ornuny tapdy. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyza mahsus bolan şeýle oňynlyklar we ösüşler barada aýry-aýrylykda durup geçenden soňra maslahata gatnaşyjylaryň hasabatyny diňledi.

Ilki Aşgabat şäheriniň häkimi hasabat bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda şäheri ösdürmegiň maksatnamasynyň baş ugurlary hakda durup geçdi. Şäheri döwrebaplaşdyrmakda we ösdürmekde alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän çäreler hakda birin-birin nygtady. Paýtagt şäherimiziň ulag düzüminiň yzygiderli ösdürilýändigi, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, köprüleri, awtoduralgalary köp zolakly halkalaýyn ýollary gurmak boýunça işlenip taýýarlanan maksatnamany ýerine ýetirmegiň ugurlary barada aýtdy. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Şäherimizde alnyp barylýan işleriň, ýokary derejelere eýe bolmalydygy barada aýratyn nygtady. Soňra Jemagat hojalygy ministri çykyş edip, baş şäherimizi abadanlaşdyrmak we gül-pürçüge öwürmek babatynda alnyp barylýan işler dogrusynda hasabat berdi. Hasabaty diňlän milli Liderimiz jemagat hojalygy boýunça ähli işleriň sazlaşykly düzümini kemala getirmegiň we utgaşdyrmagyň zerurdygyny ýatlatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynyň ýagdaýy bilen tanyşdyrdy. Oňa köçeleri abadanlaşdyrmak we yşyklandyrmak degişli bolup durýar. Şeýle hem wise-premýer paýtagtda sil suwlaryny sowmak ugrunda edilýän işler dogrusynda hasabat berdi we bu ugra degişli tekliplerini orta atdy.

Hormatly Prezidentimiz taslama bilen tanşyp oňa birnäçe bellikler girizdi. Soňra yzygiderlikde çykyşlary ünsli diňläp, her bir amala aşyryljak bolýan işiň maliýe ýagdaýyna ünsi çekdi. Şeýle hem şäheriň arassaçylyk ýagdaýy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi we bu ugurda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegini tabşyrdy. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň şäherimizi bagy-bossanlyga öwürmek, ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ylym-bilimi ösdürmek meselelerine hem oňa gatnaşyjylaryň nazaryny gönükdirdi. Sözüniň ahyrynda milli Liderimiz paýtagt şäherimizi dünýädäki iň owadan şäherleriň biri hökmünde dünýä tanadyp, halkymyzyň at-abraýyny belende galdyrmagyň derwaýysdygyny teswirledi hem-de maslahata gatnaşyjylara uly üstünlik arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

14.06.2018ý.

Meňzeş habarlar