Hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 13-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisiniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) 2019 — 2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanandygy baradaky hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň, milli Liderimiziň ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine laýyk gelýän işjeň daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň esasy wezipeleri: dünýäniň ýurtlarynyň ykdysady we durmuş ösüşine, şol sanda ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna we doly iş bilen üpjün edilmegine goldaw bermek, halkara ykdysady we durmuş meseleleriniň iň wajyplarynyň biri bolan, saglygy goraýyş ulgamynda döreýän meseleleri çözmegiň usullaryny işläp düzmek, medeniýet we bilim ýaýrawlarynda halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmak, adam hukuklarynyň we onuň esasy azatlyklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmek ýaly möhüm işler bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan häzirki zaman wajyp halkara meselelerini çözmeklige we dürli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige işjeň gatnaşýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň goňşy we alysdaky döwletler bilen durmuş-ykdysady gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaklygy üpjün edýän ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, Beýik Ýüpek ýoluny häzirki döwrüň şertlerinde dikeltmek maksady bilen gurlup ulanylmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýollarynyň, Kerki — Kerkiçi, Türkmenabat — Farap demir we awtomobil köprüleriniň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we birnäçe howa menzilleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi şolaryň esasylarynyň biridir. Şeýle maksatly iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy häzirki günlerde hem dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz tagallalary netijesinde Türkmenistan sport ulgamynda hem halkara gatnaşyklary ösdürmek babatynda-da netijeli işleri amala aşyrýar. Belli bolşy ýaly, BMG-niň 17 sany Durnukly ösüş maksatlarynyň üçünjisi sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmäge we dürli ýaşdaky adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagyna ýardam bermäge gönükdirilen wezipeleri özünde jemleýär. Türkmenistan bu wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegi üçin, olaryň milli meýilnamalaryna goşulmagy hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy babatynda yzygiderli işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi we bu günüň şu ýyl ilkinji gezek mähriban Watanymyzda we dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilip geçilmegi hem milli Liderimiziň halkara abraýynyň has ýokary derejelere ýetendigine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň BMG-niň iň iri we möhüm Geňeşleriniň, hususan-da Ykdysadyýet we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan içerki we daşarky durmuş-ykdysady syýasatynyň dünýäniň iň iri halkara guramasy tarapyndan doly ykrar edilmegidir.
Tirkiş AMANMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň uly mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty.
“Nesil” gazeti,
19.06.2018ý.












